«Intel» amerikan kompaniýasy we onuň hyzmatdaşlary tarapyndan fewral aýynda geçirilen 90% gaýtadan işlenip bilinýän ekologiýa taýdan arassa kompýuter (Green PC) konsepsiýasynyň tanyşdyryşyndan soň, iri öndürijiler hususy kompýuterleriň ekologiýa taýdan arassalygyny bahalandyrmak üçin birnäçe standartlary çykardylar.
Gazagystan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ilkinji bolup Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) durnukly awiasiýa ýangyjy (ACT-SAF) ulgamynda mümkinçilikleri artdyrmak we okuw goldawy boýunça maksatnamasyna goşuldy.
Türkiýäniň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň durnukly ösüş meýilnamasynyň çäklerinde “Nol galyndylar” Kararnamany kabul etmegi dünýä jemgyýetçiligini 30-njy martda Galyndysyz dünýä ugrunda tagalla etmegiň halkara gününi ikinji gezek bellemäge iterdi.
Uçuşlaryň netijesinde kömürturşy gazynyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen, NASA we Boeing ekologiýa taýdan arassa X-66 uçaryny işläp taýýarlamak üçin tagallaryny birleşdirýär.