Eýranyň Türkmenistana nebit däl eksporty artdy
Eýranyň Türkmenistana nebit däl eksporty şu ýylyň dört aýynda (2025-nji ýylyň 21-nji marty – 22-nji iýuly aralygynda) geçen ýylyň degişli döwri bilen (2024-nji ýylyň 20-nji marty – 21-nji iýuly aralygy) deňeşdirilende bahasy boýunça 29,4% we agramy boýunça 17,1% ýokarlandy.