Samsung

Wakalar

02.10.2024 19:40
430
BMG-niň energiýa birikmesi boýunça bilermenleriniň duşuşygy şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
02.10.2024 15:45
810
19-22-nji noýabr aralygynda Hytaýyň Çžeszýan gündogar welaýatynda ýerleşen Uçžen şäherinde Interneti dolandyrmak boýunça ählumumy maslahaty (WIC-2024) geçiriler. Çäre emeli aň tehnologiýalaryna gönükdirilip, “Adamlara gönükdirilen sanly geljek we bähbit üçin emeli aň – kiber giňişliginde umumy geljegi bolan bileleşigiň döredilmegi” atly mowzuga bagyşlanar.
02.10.2024 10:28
479
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýetiniň ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde AC Language School-da duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazow, Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şyhlyýew we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Begenç Mätliýew gatnaşdylar. AC Language School tarapyndan duşuşygy hökümet we operasion meseleleri boýunça esasy iş dolandyryjysy Angelas Çawiz alyp bardy.
02.10.2024 09:37
296
ABŞ-da iş saparynda bolan türkmen wekiliýetiniň ABŞ-nyň Döwlet departamentinde bilim hyzmatdaşlygyna bagyşlanan duşuşygy geçirildi. Ýokary derejede geçirilen duşuşyga ABŞ-nyň bilim we diplomatik edaralarynyň öňdebaryjy wekilleri gatnaşdylar, şol sanda Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça metbugat we jemgyýetçilik diplomatiýasy baradaky müdirligiň direktorynyň orunbasary Tämi Palçikow, Bütindünýä bilim maksatnamalary müdirliginiň direktorynyň orunbasary Jeými Şarp, ABŞ-nyň Bilim departamentiniň halkara işler müdirliginiň direktorynyň orunbasary Jennifer Hong, Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça akademiki alyş-çalyş programmalary müdirligiň wagtlaýyn ýolbaşçysy Karin Keiting we beýleki Döwlet departamentiniň wekilleri gatnaşdylar. Türkmenistanyň wekiliýetine Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň ABŞ-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazow, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N. Şyhlyýew hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B. Mätliýew gatnaşdylar.
02.10.2024 08:46
274
1-nji oktýabrda, sişenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda nebit himiýasy we ýeňil senagat önümlerine isleg bildirildi.
01.10.2024 16:07
324
Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Gruziýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine interwýu berdi.
01.10.2024 15:03
457
Türkmenistan ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäherinde ilkinji gezek geçirilen türk festiwalyna gatnaşdy. “Ata Watan” portalynyň habar berişi ýaly, çäre Demirgazyk Kaliforniýanyň Türk amerikan assosiasiýasy (TACC) tarapyndan guraldy.
01.10.2024 12:17
438
Ýaponiýanyň Parlamentiniň aşaky palatasy häkimiýet edýän Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Sigeru Isibany ýurduň täze premýer-ministri wezipesine saýlady diýip, “NHK” teleýaýlymy habar berýär.
01.10.2024 12:00
469
2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabr aralygynda Abu-Dabide türkmen we daşary ýurtly işewürler üçin möhüm halkara çäresi, ýagny “Türkmenistanyň söwda, işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri baradaky Ählumumy maslahat” geçiriler. Maslahat Grand Hyatt Abu Dhabi Emirates Pearl myhmanhanasynda hökümet edaralarynyň we işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnar.
01.10.2024 09:50
396
30-njy sentýabrda M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa Daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynyň merkezi eýwanynda türkmen edebi dilini esaslandyryjy beýik şahyr – Magtymguly Pyragynyň ýädigärliginiň dabaraly ýagdaýda açylyşy boldy.