Makalalar

Türkiýäniň Egeý deňzindäki ajaýyp adalary sizi dynç almaga çagyrýarTürkiýäniň Egeý deňzindäki ajaýyp adalary sizi dynç almaga çagyrýar

Türkiýäniň Egeý deňzindäki ajaýyp adalary sizi dynç almaga çagyrýar

Türk deňziniň iň owadan adalary bolan, Gökjeada, Bozjaada we Kunda daş jaýlarda, ajaýyp deňiz kenarlarynda we gezelençlerde ajaýyp türk ertirlikleri, günüň ajaýyp batmagy bilen adaty meýdançalarda agşamlyk naharlary syýahatçylara hödürleýär. Bu adalaryň haýsysy size makul we dynç alyşa gitmek üçin has amatly, hünärmenleriň birnäçe maslahatyny okanyňyzdan soň siz muňa karar berip bilersiňiz.

Türkmenistan - ÝUNESKO: 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeleri we onuň geljegiTürkmenistan - ÝUNESKO: 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeleri we onuň geljegi

Türkmenistan - ÝUNESKO: 30 ýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeleri we onuň geljegi

7-nji awgustda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli "Türkmenistan-ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk" atly dabaraly maslahat geçirildi. Ministrlik tarapyndan guralan foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmençe miksologiýa, ýa-da Garagumda güneş batyşyny nädip dadyp bolar?Türkmençe miksologiýa, ýa-da Garagumda güneş batyşyny nädip dadyp bolar?

Türkmençe miksologiýa, ýa-da Garagumda güneş batyşyny nädip dadyp bolar?

Elbetde, herkimiň öz täsinligi bar. Kimdir biri üçin bu düýpsüz giňligi bilen onuň üstünden ýaýylan asmanyň we yssy ýeriň gaty sessizligi bilen haýran galdyrýan çöl peýzažydyr. Beýlekiler üçin bolsa, palma agaçlary bolan şadyýan we sesli plýaž ýa-da tekepbirligi bilen özüne çekýän garly gaýalar we buzly depelrdir. Uly şäherlerden tejribeli jahankeşdeleri döwrebäp myhmanhanalary özüne çekmeýär – olar ýerli obalylaryň obalarynda we öýlerinde durmuşy bilen tanyşmagy halaýarlar. Welaýat künjekleriniň ýaşaýjylaryna bolsa, «daş jeňňelikleriniň» ýalpyldaýan witrinalary we fasadlaryna çykyp, adamlaryň arasynda çuň tokaýda ýaly ýitip bolýan şäher gysnyşyklygy gyzykly. Ýöne bularyň hemmesini garyşdyrmagy halaýanlar hem bar/ esasy zat – deň ölçerliligine düşünmek we durmuşyň lezzetini almak, ony baýram etmegi başarmakdyr!

Zehinler we muşdaklar: Moskwada türkmen sazandalarynyň konserti geçirildiZehinler we muşdaklar: Moskwada türkmen sazandalarynyň konserti geçirildi

Zehinler we muşdaklar: Moskwada türkmen sazandalarynyň konserti geçirildi

Türkmen sazandalarynyň - meşhur pianinoçy Wladimir Mkrtumowyň we zehinli skripkaçy Aýbolek Muhyýewanyň tomusda Moskwanyň Milli öýünde uly üstünlik bilen geçirilen döredijilik agşamyny diňe «zehinler we muşdaklar» diýip atlandyryp bolar. Batly tötänlik bilen şol günler men Moskwada bolup, Moskwanyň türkmen medeniýet jemgyýeti tarapyndan gurnalan bu ajaýyp konserte bardym. Russiýanyň paýtagtyndaky iň ýokary saz muşdaklarynyň Türkmenistandan gelen sazandalara nähili hormat goýup, garşy alýandygyny görenimde, elbetde, buýsançdan ýaňa joşa geldim.

Aşgabatda Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gaz bileleşigi bilen baglanyşykly birnäçe meseläni aýdyňlaşdyrmak isleýärlerAşgabatda Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gaz bileleşigi bilen baglanyşykly birnäçe meseläni aýdyňlaşdyrmak isleýärler

Aşgabatda Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gaz bileleşigi bilen baglanyşykly birnäçe meseläni aýdyňlaşdyrmak isleýärler

11-nji awgustynda birnäçe köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Ykdysady hyzmatdaşlyk departamentiniň direktory Dmitriý Biriçewskiniň Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda «üçtaraplaýyn gaz birleşigi» babatda beýan eden habaryny ýaýratdylar. Onuň belleýşi ýaly, Russiýa «gaz ulgamynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligini» aradan aýyrmaýar hem-de «muňa beýleki döwletleriň hem gyzyklanma bildirýändigini» bilýär.

Ilkinji ädimi ätmäge ýardam ýa-da mümkinçiligi çäkli çagalaryň ilkinji ädimleriIlkinji ädimi ätmäge ýardam ýa-da mümkinçiligi çäkli çagalaryň ilkinji ädimleri

Ilkinji ädimi ätmäge ýardam ýa-da mümkinçiligi çäkli çagalaryň ilkinji ädimleri

Çaganyň ilkinji äden ädimleriniň şaýady bolmak her bir ene-atanyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakadyr. Mümkinçiligi çäkli bolup, wagty bilen aýak bitmedik çaganyň ilkinji ädimlerini görmegiň ene-ata üçin nähili bagtdygyny welin özüňiz biliberiň. Türkmenistanyň Maýyplary sagaldyş-dikeldiş merkezinde şeýle çagalar özleriniň ilkinji ädimlerini ädýärler.

Türkmenistanda gymmatly kagyzlar: emitentler we maýadarlar üçin bähbitleriTürkmenistanda gymmatly kagyzlar: emitentler we maýadarlar üçin bähbitleri

Türkmenistanda gymmatly kagyzlar: emitentler we maýadarlar üçin bähbitleri

Täze önümçiligi ýola goýmak, önümleriň ýaýrawyny giňeltmek, kärhanany döwrebaplaşdyrmak üçin kompaniýalara goşmaça maliýe serişdeleri gerek bolýar. Öz gymmatly kagyzlaryňy çykarmak arkaly biržadan maýadarlary çekmek bu işler üçin maliýe serişdelerini toplamagyň bir görnüşidir. “ORIENT” Aşgabat gazna biržasy bilen Türkmenistanda bu işleri nähili amala aşyrmalydygyny okyjylara giňişleýin düşündirýär.

«Alter Deňiz»: Hazar kenarynyň ýerine şäher howuzynda dynç alyş«Alter Deňiz»: Hazar kenarynyň ýerine şäher howuzynda dynç alyş

«Alter Deňiz»: Hazar kenarynyň ýerine şäher howuzynda dynç alyş

Türkmen yssy howasy diňe bir ýakymlylyga däl, eýsem suwuň kenarynda peýdaly dynç almaga hem mümükinçilik berýär. Gündelik dereje 40-a çenli ýokarlanýarka, paýtagtyň müňlerçe ýaşaýjysy bürünç reňkinde güne ýanmak, deňizde we beýleki suw howdanlarynda ýüzmek üçin ýerli dynç alyş şypahanalaryna gidýärler. Şeýle-de bolsa, dynç alyşyň şeýle «kenar» görnüşi üçin Aşgabadyň özünde howuzlar bar.

Mediýa medeniýei we tehnoişewürlik: Aşgabat Merkezi Aziýanyň Go Viral festiwallarynyň tapgyryny tamamladyMediýa medeniýei we tehnoişewürlik: Aşgabat Merkezi Aziýanyň Go Viral festiwallarynyň tapgyryny tamamlady

Mediýa medeniýei we tehnoişewürlik: Aşgabat Merkezi Aziýanyň Go Viral festiwallarynyň tapgyryny tamamlady

Go Viral Festival 2023 – hut şul at bilen geçen iki günüň dowamynda türkmeniň paýtagtynda giň gerimli çäre geçirildi. Medeniýet, habar beriş serişdeleri, işewürlik we tehnologiýa ugurlaryny öz içine alýan bu festiwal özboluşly aragatnaşyk platformasy bolup, her ýyl Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynda geçirilýär. Bu möwsümiň estafetaşy Daşkende başlandy we Oş, Duşanbe we Astana ýaly şäherlerden aýlanyp, şenbe güni Aşgabatda tamamlandy.

Polkownige hiç kim garaşanok .. , emma türkmen Myrada onuň konsertleri bilen Awstraliýanyň Melburnynda garaşýarlarPolkownige hiç kim garaşanok .. , emma türkmen Myrada onuň konsertleri bilen Awstraliýanyň Melburnynda garaşýarlar

Polkownige hiç kim garaşanok .. , emma türkmen Myrada onuň konsertleri bilen Awstraliýanyň Melburnynda garaşýarlar

Melburn. Iýul. Ýyly gyş agşamy. Rus öýüniň howlusynda başagaýlyk we dyknyşyklyk bar. Meşhur rus režissýory we aktýory Sergeý Bodrow kiçä bagyşlanan «Dogan» konsertine petekler iki hepde öňünden satylyp boldy. Saz taslamasynyň guramaçysy, häzirki wagtda Awstraliýanyň şäherinde ýaşaýan Aşgabatly türkmen höwesjeň aýdymçy Myrat Arrykowdyr. Takmynan bir ýyl çemesi öň ol, «Soýgüli gözler» aýdymy bilen ýerine ýetirijileriň bäsleşiginde ýeňiji bolup, rus dilli Melburndaky tomaşaçylaryň ýüregini gazandy. Bu saz kompozisiýasy, aslynda oňa Melburnyň konsert meýdançalaryny «açdy». Orient bu barada okyjylaryna gürrüň beripdi.