HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Izmir syýahat üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň onlugyna girdi

Noýabr 24, 2023 | 10:29 |9853
Lonely Planet neşiriniň wersiýasy boýunça Izmir syýahat üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň onlugyna girdi.Lonely Planet neşiriniň wersiýasy boýunça Izmir syýahat üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň onlugyna girdi.
Çeşme: Türkiýäniñ Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan

Lonely Planet neşiriniň wersiýasy boýunça Izmir syýahat üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň onlugyna girdi.

Lonely Planet Izmiriň kenarda ýerleşmegini uly artykmaçlyk diýip hasaplaýar. Şäherde taryhy we häzirki zaman medeniýeti, egeý aşhanasy we ýokary durmuş derejesi sazlaşykly utgaşýar. Taryhy bazar, medeni we sungat desgalary, üzümçilikler, ajaýyp plýažlar we gadymy ýadygärlikler Izmire baryp görmäge imrindirýär.

Şeýle hem neşirde her ýyl tomus geçirilýän halkara Izmir festiwaly barada gürrüň berilýär. Bu festiwalda Smirna Agora ýaly meşhur meýdançalarda konsertler we tans şüweleňleri guralýar. Myhmanlara Urlada ýerli şeraplary dadyp görmek teklip edilýär.

Izmir—syýahatçylar üçin asuda dynç alyş

Izmiriň Türkiýäniň ululygy boýunça üçünji şäheridigine garamazdan, bu ýerde asuda ýagdaý we imi-salalyk höküm sürýär. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Efesi görmek üçin bu ýere her ýyl millionlarça syýahatçy gelýär. Izmiriň 2 kilometre golaý ajaýyp kenar zolagy bolup, ol Kemeralty bazaryna çenli uzaýar. Izmiriň günbatar kenar ýakasynda köpsanly gözel obalar we şäherçeler ýerleşýär.

Izmirde we onuň töwereklerinde Egeý deňziniň aşhana däplerine esaslanýan dürli tagamlar we deňiz önümleri hödürlenilýär. Özüniň üzümçilikleri we şeraplary bilen meşhur bolan Urlada myhmanlar dürli tagamlardan lezzet alyp bilerler, Çeşme ýarym adasynyň merkezindäki Alaçatyda bolsa egeý otlaryndan we deňiz önümlerinden taýýarlanylan tagamlar hödürlenilýär. 2024-nji ýylda Izmir şäheri Türkiýe Miсheliniň gollanmasyna giriziler.

Anadolynyň hazynalary

Izmir özüniň gadymy şäherleri, hususan-da, Pergam we Seljuk bilen meşhurdyr. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Pergamda ululygy boýunça ikinji gadymy kitaphana, Seljukda bolsa dünýäniň ýedi täsinliginiň biri bolan Artemidanyň ybadathanasynyň we ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gadymy Efes şäheriniň harabalyklary, şeýle hem Mukaddes Ioannyň ybadathanasy hem-de Bibi Merýemiň öýi ýerleşýär. Ýaşyl depede ýerleşen Sirinje BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan 2023-nji ýyl üçin dünýäniň iň gowy syýahatçylyk obalarynyň sanawyna girizildi.

Izmir sungat, medeniýet we taryh muşdaklarynyň arasynda hem meşhurdyr. Bu ýerde dürli çäreler geçirilýär, galereýalarda we muzeýlerde häzirki zaman sungat eserleri görkezilýär. Izmiriň medeniýet we sungat fabrikasy şäheriň täze gözel künjekleriniň biridir. Ol 19 asyra degişli Alsanjak Tekel fabrikasynyň çäginde ýerleşýär. Fabrikada şäheriň esasy çäresi—“Efesiň medeniýet ugry” festiwaly geçirilýär.

Izmir welosipedçiler üçin hem örän amatlydyr. Bu ýerde welosipedli gezelençler we ýörite welosipedçiler üçin myhmanhanalar hödürlenilýär. Izmir Türkiýäniň EwroWelo8-e gatnaşan ilkinji şäheridir.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026