Makalalar

Hemra Şirowyň şekilli şygyrlary we onuň neo-poeziýasyHemra Şirowyň şekilli şygyrlary we onuň neo-poeziýasy

Hemra Şirowyň şekilli şygyrlary we onuň neo-poeziýasy

Ol diňe bir ajaýyp çagalar eserleriniň awtory däl-de, eýsem tanymal şahyr, ýazyjy, dramaturg we ssenarist hökmünde hem tanalýar. Emma onuň döredijiligi bilen ýakyndan tanyş bolanlar onuň başga üýtgeşik bir tarapy barada hem bilýändirler. Ol awangard akymlarynda we stillerinde goşgy ýazmak bilen, şygryýetde bar bolan özboluşly tilsimler bilen hem çynlakaý meşgullanýar. Neo-poeziýa degişli bolan goşgylaryň köpüsi onuň kitaplarynda, şeýle hem ýurdumyzyň gazetlerinde we žurnallarynda çap edildi. Hemra Şirow bilen şu günki söhbetdeşligimiziň temasy hut şu ugra – eksperimental poeziýa bagyşlanýar

Nury Halmämedowyň döredijiliginde aýdym žanryNury Halmämedowyň döredijiliginde aýdym žanry

Nury Halmämedowyň döredijiliginde aýdym žanry

Şeýle bir bir kompozitorlar bolýar, olar öz döredijiligini haýsydyr bir ugra başbütin bagyş edýärler.Olaryň biri ähli kalby, ýüregi bilen aýdyma berilýär, beýlekisini simfoniki sazlar öz bendiwanyna öwürýär,üçünjisini bolsa saz teatry özüne çekýär. Şu babatda Nury Halmämedow sazanda hökmünde döredijilik gyzyklanmalarynyň giňligi we örän aýdyň hem-de köpgyraňly döredijilik talanty bilen haýran galdyrýar. Türkmeniň tanymal kompozitory Nury Halmämedowyň saz sungaty baý we dürli keşpli:simfoniýa,kamera-instrumental ansambllary,drama oýunlarynyň sazlarykinofilmler, hor üçin salar.Elbetde bulary Nury Halmämedowyň dürli žanrdaky döreden sazlarynyň doly sanawy hasaplamak bolmaz.

Asman moda öýüniň täze “Zenan” kolleksiýasynyň Pariždäki premýerasy şowly boldyAsman moda öýüniň täze “Zenan” kolleksiýasynyň Pariždäki premýerasy şowly boldy

Asman moda öýüniň täze “Zenan” kolleksiýasynyň Pariždäki premýerasy şowly boldy

“Asman” moda öýüniň täze kolleksiýasynyň premýerasy Parižde, Aziýanyň, Gündogaryň, Demirgazyk Afrikanyň we beýleki sebitleriň dizaýnerlerini birleşdirýän abraýly Oriental Fashion Show geçirildi. Ýöne milli markalary dünýä arenasynda tanatmaga gönükdirilen çäräniň ähmiýetine garamazdan, bu bäsdeşlik gurşawy dälde - bu medeniýetleriň täsirli gepleşikleri we sungatda gündogarşynaslyk düşünjesi bilen örtülen ýörite estetikanyň baýramçylygy üçin platformadyr.

Aşgabadyň moda münberinde Gündogar sungatynyň täsin beýany: Parižden gelen moda hünärmenini haýran galdyran zatAşgabadyň moda münberinde Gündogar sungatynyň täsin beýany: Parižden gelen moda hünärmenini haýran galdyran zat

Aşgabadyň moda münberinde Gündogar sungatynyň täsin beýany: Parižden gelen moda hünärmenini haýran galdyran zat

Türkmen paýtagtynyň döredijilikli pudagynyň merkezlerinden biri bolan Aşgabat Modeller öýi şu hepde etnik stil festiwalyny geçirýär. Üç günläp dowam etjek bu forum, Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna “Dizaýn” ugry boýunça goşulmagy mynasybetli ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli Komissiýasynyň sekretariaty tarapyndan şäher häkimligi we Modeller öýi bilen bilelikde guraldy.