HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen küştçileri Astanadaky türki döwletleriň ýaryşlarynda dört medal gazandy

Maý 20, 2026 | 20:20 |5371
14–17-nji maý aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda bir wagtda iki abraýly ýaryş — türki döwletleriň ilkinji toparlaýyn çempionaty hem-de 16 ýaşa çenli oýunçylar üçin ýaşlaryň küşt Olimpiadasy geçirildi14–17-nji maý aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda bir wagtda iki abraýly ýaryş — türki döwletleriň ilkinji toparlaýyn çempionaty hem-de 16 ýaşa çenli oýunçylar üçin ýaşlaryň küşt Olimpiadasy geçirildi
Çeşme: Türkmenistanyň Küşt federasiýasy

Türkmenistanyň küşt ýygyndysy Astana şäherinde geçirilen iri halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etdi. 14–17-nji maý aralygynda Gazagystanyň paýtagtynda bir wagtda iki abraýly ýaryş — türki döwletleriň ilkinji toparlaýyn çempionaty hem-de 16 ýaşa çenli oýunçylar üçin ýaşlaryň küşt Olimpiadasy geçirildi. Türkmen türgenleri Watanymyza şahsy hasapda gazanan dört abraýly medaly bilen dolandylar.

Aýlaw ulgamy boýunça geçirilen intellektual bäsleşiklerde sebitiň iň güýçli ýedi milli ýygyndysy, şol sanda Azerbaýjandan, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkiýeden we Gyrgyzystandan gelen grossmeýsterler gatnaşdylar. Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryş aýratyn-da güýçli düzümi bilen tapawutlandy — onda 13 grossmeýster we 18 halkara ussat çykyş etdi.

Туркменские шахматисты завоевали четыре медали

Türkmenistanyň erkekler ýygyndysynyň liderleri hökmünde belli grossmeýsterler Saparmyrat Atabaýew we Meýlis Annaberdiýew çykyş etdiler. ABŞ-nyň 54 müň dollarlyk baýrak gaznasy ugrunda çekeleşikli göreş iň soňky tapgyra çenli dowam etdi.

Toparlaýyn umumy hasapda Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy hormatly bäşinji orny eýeledi. Şeýle-de bolsa, aýratyn tagtalardaky şahsy hasaplarda türkmen grossmeýsterleri we ýaş zehinler ajaýyp netijeleri görkezdiler:

• Saparmyrat Atabaýew erkekleriň arasynda iň çylşyrymly birinji tagtada üçünji orny eýeläp, bürünç medal gazandy.

Туркменские шахматисты завоевали четыре медали

• Lala Şöhradowa hem zenanlaryň ýaryşynda birinji tagtada üçünji bolup, bürünç medala mynasyp boldy.

шахматистка Rejepova Jahan выиграла серебряную медаль

• Jahan Rejepowa ajaýyp oýun görkezip, üçünji tagtada kümüş medal gazandy.

шахматистка Hupbyyeva выиграла бронзу

• Dilber Hupbyýewa bolsa ýaşlaryň Olimpiadasynyň çäklerinde dördünji tagtada iň gowy üçlügi jemläp, ýygynda ýene bir bürünç medal getirdi.

Türkmen grossmeýsterleriniň Astanadaky üstünligi milli küşt mekdebiniň ýokary derejesini we ýaş oýunçylaryň halkara giňişligindäki uly geljegini ýene bir gezek tassyklady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

04:00 Oktýabr 28, 2026
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026