“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy


26-njy oktýabrda Yslam medeniýetiniň we ylmynyň aýratynlyklaryny içgin öwrenmek, ruhy bilimler boýunça hünärmenleri taýýarlamak, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, “Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy.
Saparyň çäginde, Ý.Hojagulyýew Päkistanyň Din işleri we dinara sazlaşyk boýunça ministrliginiň Federal Sekretary Ibrar Ahmad Mirza, Päkistanyň Yslam ideologiýasy geňeşiniň Başlygy Muhammad Raghib Hussain Naeemi hem-de Päkistanyň Ýokary bilim komissiýasynyň agzasy Şafik ur Rehman dagylar duşuşyklary geçirdi.

Duşuşyklarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistanda dini we milli däp-dessurlary gorap saklamak, halkyň öz dini parzlaryny we adatlaryny ýerine ýetirmek üçin oňyn mümkinçilikleriň döredilip berilýändi bellendi.
Bu döwlet derejesindäki işleriň çäginde Merkezi Aziýada iň uly metjit boljak Arkadag şäherinde bir wagtda 30 müň adama niýetlenen “Arkadagyň Ruhy metjidiniň” gurulýandygy we bu metjidiň ýanynda ýokary dini okuw jaýynyň hem döredilýändigi barada gürrüň berildi.

Şunuň bilen baglylykda, türkmen wekiliýeti bu ugurda Päkistanyň degişli döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.
Taraplar dini bilimleri kämilleşdirmek, tejribe alyşmak we hünärmenleri taýýarlamak boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
ORIENT








