HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň «Batly Gadam» kompaniýasy Primark bilen gepleşikler geçirip, Londonda «Somerbond» bilen Ähtnama gol çekdi

Maý 15, 2026 | 10:30 |5301
Londonda geçirilýän UK–Turkmenistan B2B söwda saparynyň çäklerinde «Batly Gadam» atly türkmen dokma senagatyna degişli kompaniýa Beýik Britaniýanyň iri bölek söwda brendleriniň biri bolan Primark bilen gepleşikleri geçirdiLondonda geçirilýän UK–Turkmenistan B2B söwda saparynyň çäklerinde «Batly Gadam» atly türkmen dokma senagatyna degişli kompaniýa Beýik Britaniýanyň iri bölek söwda brendleriniň biri bolan Primark bilen gepleşikleri geçirdi
Çeşme: orient.tm

2026-njy ýylyň 11–15-nji maýy aralygynda Londonda geçirilýän UK–Turkmenistan B2B söwda saparynyň çäklerinde «Batly Gadam» atly türkmen dokma senagatyna degişli kompaniýa Beýik Britaniýanyň iri bölek söwda brendleriniň biri bolan Primark bilen gepleşikleri geçirdi, şeýle hem britan kompaniýasy «Somerbond» bilen hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi.

Balkanabat şäherinden gelen wekiliýet Primarkyň edara binasyna baryp gördiler. Olar ýerinde söwda ulgamynyň üpjün edijilere bildirýän talaplary, hil ölçegleri hem-de logistika işleri bilen tanyşdylar. «Somerbond» bilen Ähtnama gol çekilmegi geljekki hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyklary pugtalandyrdy we türkmen öndürijileri üçin britan bazaryna çykmagyň ýene bir ugruny açdy.

Bu «Batly Gadam» üçin halkara giňişligine ilkinji ädim däldir. Kompaniýa mundan ozal QACIS forumynyň çäklerinde «Turkmenekspo» hususy kärhanasynyň goldawy bilen Ýewropa bazary üçin dokma senagatyna degişli sertifikaty aldy. Bu bolsa oňa iri söwda ulgamlary bilen göni gepleşiklere ýol açdy.

Türkmen dokma senagatynyň önüm öndürijisiniň dünýäde 400 gowrak dükany bolan, çtiz ösýän moda pudagynyň öňdebaryjy söwda ulgamlarynyň biri hasaplanýan Primark bilen gepleşikleri geçirmegi hem-de «Somerbond» bilen Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistanyň hususy böleginiň barha artýan eksport mümkinçiligini, şeýle hem UK–Turkmenistan B2B Exchange ýaly düzümleýin söwda maksatnamalarynyň netijeliligini açyp görkezýär. Işewürlik saparyny Günbatar Londonyň Söwda-senagat edarasy we «Turkmenekspo» hususy kärhanasy, Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasynyň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň institusional goldawy bilen bilelikde gurady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026