Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar
Ýekşenbe güni Kataryň paýtagty Dohada 9-njy Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy. Gatnaşyjylar geosyýasy dartgynlylygyň we halkara söwdasynda proteksionizmiň güýçlenmeginiň şertlerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de global üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny üpjün etmäge çagyrdylar.
Forumyň ilkinji gününde «Ösüş we durnuklylyk üçin global gymmat döretmek zynjyrlaryny täzeden gurmak» atly ýokary derejeli duşuşyk geçirildi. Oňa gatnaşyjylar geosyýasy gapma-garşylyklaryň, söwda çäklendirmeleriniň we tehnologik bäsdeşligiň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara Söwda palatasynyň baş sekretary Jon Denton köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy goldamakda Hytaýyň möhüm ornuny belledi. Onuň aýtmagyna görä, netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek we ykdysady özgertmeleri geçirmek aýratyn ähmiýete eýedir.
Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala dünýä söwdasyndaky üýtgeşmeleri göz öňünde tutup, guramanyň düzgünlerini we institutlaryny döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy. Ol işewürlere has öňünden çaklap bolýan şertleri döretmek üçin netijeli söwda düzgünlerini saklamakda BSG-niň ähli agzalarynyň jogapkärçilik çekýändigini belledi.
Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy (ÝUNKTAD) tarapyndan guralan we Katar tarapyndan kabul edilýän üç günlük forum «Geljege maýa goýum» şygary bilen geçirilýär. Oňa Kataryň, Lesotonyň, Liwiýanyň we Madagaskaryň premýer-ministrleri, dört wise-premýer hem-de 50-ä golaý ministr gatnaşýar.
Forumyň maksatnamasynda 400-den gowrak çykyşçynyň gatnaşmagynda 80-den köp mejlis göz öňünde tutulýar. Olarda maýa goýum syýasaty, emeli aň, telekeçilik, durnukly maliýeleşdiriş, howanyň üýtgemegi, syýahatçylyk we täze ykdysady pudaklar ara alnyp maslahatlaşylar.
CCTV+ habar bermegine görä, Dohada geçirilýän Bütindünýä maýa goýum forumy halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň we global üpjünçilik zynjyrlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döredýär.







