Günorta Afrika Hytaýyň Detroýt şäherine öwrülýär. BYD, Chery we BAIC awtoulag bazarynyň düzgünlerini täzeden ýazýar
Chery tarapyndan dörediljek 3000 täze iş orny, 2027-nji ýyla çenli ýylda 50 müň awtoulag öndürmek meýilnamasy, BYD-niň zarýad stansiýalary we günbatar brendlerine täze çagyryş.
Bu barada 2026-njy ýylyň 13-nji maýynda CCTV+ tarapyndan Günorta Afrika barada taýýarlanan reportažda aýdylýar.
Günorta Afrika Hytaýyň awtoulag senagatynyň Afrikadaky strategik merkezine öwrülýär. Hytaý awtoulag öndürijileri dünýä boýunça önümçilik mümkinçiliklerini giňeldip, Afrika yklymyny hem öz içine alýar.
BYD we Chery ýaly kompaniýalaryň Afrikadaky gatnaşygynyň artmagy bilen bazar diňe sarp edişden önümçilige geçýär. Bu ýagdaý adaty dünýä brendleri üçin kynçylyk döredýär. Günorta Afrikanyň bazary eýýäm günbatar we ýapon brendlerinden çalt ösýän hytaý markalaryna tarap üýtgeýär.
BAIC Hytaý önümçiliginiň Günorta Afrika gelmegine 2016-njy ýylda öňdebaryjylyk edipdi. Şondan bäri maýa goýumlary düýpli artdy. Hytaýyň ýeňil awtoulag öndürijileriniň iň iri üçlügine girýän Chery Pretoriýadaky kynçylyk çekýän Nissan zawodyny satyn alyp, batyrgaý ädim ätdi. Bu ädim 3000 täze iş ornuny döretmäge mümkinçilik berer.
Rodney Genga, Witwatersrand uniwersitetiniň Materialy öwreniş we önümçilik inženerçiligi professory şeýle diýdi: “Olar ähli işler doly ýola goýlandan soň, 2027-nji ýyla çenli ýylda azyndan 50 müň birlik önüm öndürmegi maksat edinýärler. Bu örän gowy görkeziji. Bu mümkinçilik döredýär, iş orunlaryny açýar we şin senagaty, awtoulag önümçiligi hem-de beýleki kömekçi pudaklaryň ösmegine itergi berýär. Bu pudak üçin uly artykmaçlyk bolup, ynam döredýär”.
Täze energiýa çeşmeleri bilen işleýän ulaglaryň dünýä boýunça iň iri öndürijisi bolan BYD hem Günorta Afrikadaky ornuny pugtalandyrýar. Häzirlikçe ýerli önümçilik meýilleşdirilmese-de, kompaniýa ekologiýa taýdan arassa ulag ulgamyna geçişe ýardam berýär.
BYD kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti Stella Li şeýle aýtdy: “Biz diler merkezlerine maýa goýmalydyrys. Bu ýerde ýokary hilli we güýçli diler merkezleri bolmaly. Bu ýagdaý gytaklaýyn görnüşde takmynan 2000 iş ornuny döretmäge kömek eder. Ikinjiden bolsa, biz zarýad infrastrukturasyna maýa goýarys. Bu örän möhüm. Meniň pikirimçe, indiki ädimimiz üçin şeýle esas zerur bolup durýar”.
Bu ynam ýerli derejede hem goldaw tapýar. Günorta Afrikalylar hytaý awtoulag öndürijilerinden has uly maýa goýumlaryna garaşyp başladylar.
Rodney Genga sözüni dowam etdirip şeýle diýdi: “Eger biz häzirki wagtda täzelenýän energiýa çeşmeleri bilen işleýän ulaglary öndürmek boýunça dünýäde öňdebaryjy ýurt bolan Hytaý bilen dogry hyzmatdaşlyk etsek we täze tehnologiýalara maýa goýumlary boýunça strategik hyzmatdaşlygy ýola goýsak, onda biz sebit derejesinde bilelikde dörediji ýurtlara öwrüleris”.
Günorta Afrika bir wagtlar Ýewropa we Ýaponiýa awtoulaglary üçin derweze bolupdy. Indi bolsa şol derwezeler gündogara tarap açylýar. Hytaý brendleri diňe awtoulag satmaýarlar — olar zawod gurýarlar, adamlary taýýarlaýarlar, zarýad stansiýalaryny döredýärler. Hem-de muny bu ýerde uzak wagt galmagy meýilleşdirýän ýaly edýärler.
Sorag olaryň bäsdeşlerini bazardan çykaryp-çykarmajakdygynda däl. Sorag — hytaý zawodlary ähli giňişligi eýelemezden ozal günbatar we ýapon ägirtleriniň jogap berip ýetişip-ýetişmejekdiginde.
Bäsdeşlik indi başlanýar. Emma ilkinji ädimler eýýäm Hytaýyň peýdasyna boldy.








