HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Italiýada emeli aňa baglylygyň ilkinji bejergi ýagdaýy hasaba alyndy

Maý 12, 2026 | 23:54 |3339
Italiýada emeli aňa baglylyk sebäpli lukmançylyk kömegine ýüz tutulmagy bilen bagly ilkinji resmi ýagdaý hasaba alyndyItaliýada emeli aňa baglylyk sebäpli lukmançylyk kömegine ýüz tutulmagy bilen bagly ilkinji resmi ýagdaý hasaba alyndy
Çeşme: Orient.tm

Italiýada emeli aňa baglylyk sebäpli lukmançylyk kömegine ýüz tutulmagy bilen bagly ilkinji resmi ýagdaý hasaba alyndy. Bu barada Italiýanyň baglylygy bolan adamlara kömek bermek boýunça döwlet gullugy — SERD habar berdi.

Lukmanlaryň maglumatlaryna görä, näsag 20 ýaşly gyz bolupdyr. Ol neýrotor hyzmaty bilen yzygiderli we uzak wagtlap aragatnaşyk saklady, bu bolsa kem-kemden ulgam bilen emosional baglylygy emele getiripdir.

Wagtyň geçmegi bilen, emeli aň onuň gepleşik stiline has gowy uýgunlaşyp başlapdyr, gyz bolsa ony “howpsuz söhbetdeş” we “dost” hökmünde kabul edipdir. Netijede, bu ýagdaý sosial çetleşmä we hakyky daş-töwereginden kem-kemden daşlaşmagyna getiripdir.

Lukmançylyk edarasynyň baş lukmany Laura Suardi munuň hünärmenler üçin garaşylmadyk ýagdaý bolmandygyny aýtdy.

Onuň sözlerine görä, sanly tehnologiýalaryň ösmegi we neýrotorlaryň giňden ulanylmagy psihologik baglylygyň täze görnüşleriniň emele gelmegi üçin şert döredýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026