HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eni Turkmenistan Limited wagtlaýyn wezipeler üçin işgär kabul edýändigini yglan etdi

Maý 12, 2026 | 23:47 |7951
Eni Turkmenistan Limited kompaniýasy dört sany wagtlaýyn boş iş ornuna resminamalary kabul edip başlady. Resminamalary tabşyrmagyň iň soňky möhleti — 2026-njy ýylyň 22-nji maýyEni Turkmenistan Limited kompaniýasy dört sany wagtlaýyn boş iş ornuna resminamalary kabul edip başlady. Resminamalary tabşyrmagyň iň soňky möhleti — 2026-njy ýylyň 22-nji maýy
Çeşme: Orient.tm

Eni Turkmenistan Limited kompaniýasy dört sany wagtlaýyn boş iş ornuna resminamalary kabul edip başlady. Resminamalary tabşyrmagyň iň soňky möhleti — 2026-njy ýylyň 22-nji maýy.

Açyk wezipeler:

IKT infrastruktura inženeri (wagtlaýyn)

Esasy talaplar:

• Ýokary bilim (maglumat tehnologiýalary, kompýuter ylymlary we inženerçiligi, telekommunikasiýa inženerçiligi ýa-da degişli ugurlar boýunça)

• Halkara toparynda ýa-da korporatiw IT gurşawynda, nebit-gaz pudagynda IT infrastrukturasyny we ulgamlaryny dolandyrmak boýunça azyndan 3 ýyl iş tejribesi

Zerur şahadatnamalar:

• Microsoft: Windows Server / Azure Administrator

• Wirtuallaşdyrma: Vmware

• Tor tehnologiýalary: Cisco, CompTIA Network+

• IT hyzmatlaryny dolandyrmak: ITIL Foundation

• Howpsuzlyk: Cisco, Palo Alto, CompTIA Security+

• Türkmen, rus we iňlis dillerini bilmek.

Iş şertleri:

• Iş tertibi: 5/2

• Iş ýeri: Burun käni, Balkanabat şäheri

Zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak bölüminiň başlygy (wagtlaýyn)

Esasy talaplar:

• Ýokary tehniki bilim

• Zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak ulgamynda azyndan 3 ýyl iş tejribesi

• Türkmen, rus we iňlis dillerini bilmek

• Kompýuterden ynamly peýdalanmak

• ISO 45001/14001 standartlaryna laýyklykda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk boýunça akkreditirlenen auditor sertifikatynyň bolmagy (bar bolsa)

Iş şertleri:

• Iş tertibi: 14/14 (wagtlaýyn çalşykly iş)

• Iş ýeri: Burun käni, Balkanabat şäheri

Meýilleşdiriş boýunça hünärmen (wagtlaýyn)

Esasy talaplar:

• Ýokary bilim (inženerçilik ýa-da tebigy ylymlary boýunça) ýa-da orta tehniki bilim

• Tehniki hyzmatlary meýilleşdirmek we iş tertibini düzmek boýunça azyndan 1 ýyl iş tejribesi

• Türkmen, rus we iňlis dillerini gowy bilmek

• Kompýuter başarnyklary: Microsoft Office, SAP, korporatiw programma üpjünçiliginiň interfeýsleri

Iş şertleri:

• Iş tertibi: 5/2

• Iş ýeri: Burun käni, Balkanabat şäheri

Üpjün edijileri dolandyrmak boýunça inžener (wagtlaýyn)

Esasy talaplar:

• Ýokary bilim (ykdysadyýet/işewürlik dolandyryşy/hukuk boýunça bolmagy has gowy görülýär)

• Satyn alyşlar, üpjün edijileri dolandyrmak ýa-da üpjünçilik zynjyryny dolandyrmak ulgamynda azyndan 3 ýyl iş tejribesi

• Türkmen, rus we iňlis dillerini gowy bilmek

• Kompýuter başarnyklary: Microsoft Office, Excel, Outlook, SAP, VMS

Iş şertleri:

• Iş tertibi: 5/2

• Iş ýeri: kompaniýanyň ofisi, Aşgabat şäheri

Şahsy maglumatlary we degişli resminamalar boş iş ornunyň adyny hatyň mowzugynda görkezmek bilen etl.jobs@eni.com elektron salgysyna iberilmeli.

Söhbetdeşlige diňe talaplara iň laýyk gelýän dalaşgärler çagyrylar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026