HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda gurlan «Gadamly» ilkinji gury ýük gämisi Bakuw portunda garşylandy

Maý 12, 2026 | 23:15 |10110
Azerbaýjan demir ýollaryna degişli Bakuw halkara deňiz portunda Türkmenistanda gurlan «Gadamly» ilkinji gury ýük gämisini garşy almak dabarasy geçirildiAzerbaýjan demir ýollaryna degişli Bakuw halkara deňiz portunda Türkmenistanda gurlan «Gadamly» ilkinji gury ýük gämisini garşy almak dabarasy geçirildi
Çeşme: trend.az

Azerbaýjan demir ýollaryna degişli Bakuw halkara deňiz portunda Türkmenistanda gurlan «Gadamly» ilkinji gury ýük gämisini garşy almak dabarasy geçirildi.

Trend agentliginiň habar bermegine görä, gämi Bakuw we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli konteýner daşamalarynda ulanylar.

Täze gäminiň ulanmaga berilmegi Orta geçelgäniň, şol sanda onuň çägindäki Ýewraziýa ulag ugrunyň ösdürilmeginde möhüm ädim hökmünde bahalandyrylýar.

Ýük göterijiligi 6 100 tonna bolan «Gadamly» gämisi 240 sany ýigrimi futlyk konteýneri daşamaga ukyplydyr. Şeýle hem onuň ulanylyşynyň Bakuw portunyň ýyllyk ýük dolanyşygynyň artmagyna oňyn täsir etmegine garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

Hazarüsti ugry we “Global Gateway” maýa goýumlary — Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Lýuk Dewin ORIENT neşirine interwýu berdi

04:00 Oktýabr 28, 2026
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026