HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Land Rover, Primark we Kembrij: Türkmenistan Londonda işewür hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Maý 12, 2026 | 17:10 |6007
Türkmen wekiliýeti Londonda dünýä brendleri bilen hyzmatdaşlygy we öňdebaryjy gurluşyk tehnologiýalaryna elýeterliligi ara alyp maslahatlaşdyTürkmen wekiliýeti Londonda dünýä brendleri bilen hyzmatdaşlygy we öňdebaryjy gurluşyk tehnologiýalaryna elýeterliligi ara alyp maslahatlaşdy
Çeşme: Turkmen Congress

«UK–Turkmenistan B2B Exchange» atly söwda saparynyň ilkinji gününde Türkmenistanyň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşiklere Land Rover, Primark, Kembrij uniwersiteti, Beýik Britaniýanyň Oba hojalygy we Genetika babatynda Tehnologiýalary (UKTAG) hem-de Advantix Ltd kompaniýalary goşuldy. Bu kompaniýalaryň her biri — awtoulag we dokma senagatyndan başlap, oba hojalyk tehnologiýalaryna, syýahatçylyga we bilim ulgamyna çenli hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryna düýpli gyzyklanma bildirdi.

Туркменистан расширяет деловое партнерство в Лондоне

Land Rover ýurduň awtoulag bazaryna çykmagyň mümkinçiliklerini öwrenýär, Primark dokma senagatynda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny seljerýär, UKTAG agrosenagat tehnologiýalary boýunça teklipleri öňe sürýär, Advantix Ltd syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge gyzyklanma bildirýär, Kembrij uniwersiteti bolsa bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaýar. Bu guramalaryň eýýäm hemmesi bilen işewürlik saparyň maksatnamasynyň çäklerinde işjeň gepleşikler dowam edýär.

Şu gün, 12-nji maýda, türkmen wekiliýeti 12–14-nji maý aralygynda ExCeL London sergi merkezinde geçirilýän UK Construction Week London 2026 atly sergisine, ýagny Beýik Britaniýanyň iň iri we abraýly gurluşyk çäresine gatnaşdylar.

Land Rover, Primark и Кембридж-партнерство Туркменистана

Sergi alty ýöriteleşdirilen ugry birleşdirýär. Olar materiallar we gurluşlardan; enjamlardan, gurallar we tehnika kärendesinden, gurluşyk hyzmatlaryndan, gurluşyk tehnologiýalary we emeli aňdan, modul gurluşygyndan, şeýle hem gün energetikasy we energiýa saklaýyş ulgamlaryndan ybaratdyr. Bu ýyl çäre 600 gowrak kompaniýany, 700 gowrak çykyş edýäni hem-de 25 000 gowrak gatnaşyjyny jemlär. Türkmen tarapyna UK Construction Week atly çäre ýurduň ileri tutulýan ykdysady pudaklarynyň biri bolan gurluşyk senagatynda iň öňdebaryjy tehnologiýalara, materiallara we geljekki hyzmatdaşlara göni çykmaga mümkinçilik döredýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026