HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty: Hytaý baýdaklardan we sport harytlaryndan nädip milliardlarça girdeji gazanýar?

Maý 11, 2026 | 23:00 |3944
Çeşme: orient.tm

Bir aýyň içinde 8-9 million baýdak, 148 ýurda eksport, bir öndürijide 36% ösüş; ABŞ, Ýewropa Bileleşigi we Latyn Amerikasy — täze hereketlendiriji güýçler.

Bu barada — Hytaýyň öndürijileriniň maglumatlarynda we Şandun welaýatynyň gümrük statistikasynada aýdylýar.

Hytaýda sport harytlarynyň eksportynyň çalt ýokarlanmagy synlanýar. Öndürijiler geljekki dünýä çempionatynyň döredýän işewürlik mümkinçiliklerinden peýdalanyp, daşary ýurt bazarlaryna çykyşlaryny çaltlandyrýarlar.

FIFA-nyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty sany boýunça 23-nji bolar. Emma ol 48 toparyň gatnaşjak we üç ýurduň bilelikde kabul etjek ilkinji ýaryşy bolar. Ýaryş 11-nji iýun bilen 19-njy iýul aralygynda Kanadada, Meksikada we ABŞ-da bilelikde geçiriler. Bu sport wakasy baýdaklaryň töwereginde hakyky meşhurlygy döretdi.

Ýaryşyň başlamagyna bir aý galanda, Şandun welaýatynyň Sindao şäherindäki baýdak öndürijisi eýýäm 8-9 million sany önüm öndürdi. Olaryň arasynda döwlet baýdaklary, kiçijik baýdaklar we elde tutulýan baýdaklar bar.

Dünýä derejesindäki sargytlar ugrundaky güýçli bäsdeşlik şertlerinde, "Qingdao Wonderful Flag Industry Company" kompaniýasynyň zawody önümçilik göwrümini artdyrmak üçin ikinji iş çalşygyny girizdi.

Kompaniýanyň menejeri Ho Sinlýan şeýle gürrüň berdi: «Biz Ispaniýa, Argentina we Braziliýa ýaly esasy dalaşgärleriň baýdaklary üçin yzygiderli sargytlar alýarys. Önümçilik arakesmesiz dowam edýär. Biziň ähli sargytlarymyz dünýä çempionatynyň başlamagyna takmynan 10-15 gün galanda ugradylar».

Dünýä çempionaty bilen baglanyşykly harytlaryň satuwynyň çalt ýokarlanmagyndan başga-da, sport enjamlaryny öndürýän käbir kompaniýalar ABŞ-daky ornuny üstünlikli giňeltdiler. Olar daşary ýurtly onlaýn-meşhur blogerleriň pikirlerini hasaba alyp, amerikan sarp edijileriniň aýratyn isleglerine has gowy jogap berýän, has ykjam, gurnalmasy aňsat we täze funksiýaly önümleri çykarýarlar.

«Sindaonyň Patyşa saglygy goraýyş senagaty» kompaniýasynyň prezidenti Çžen Golýan sanlar bilen paýlaşdy: «Ýanwar-aprel aýlary aralygynda biziň eksport girdejimiz 80 million ýuana golaý ýetdi. Bu geçen ýyl bilen deňeşdireniňde 36 göterim köpdür. Bu ösüşiň 70 göterimi ABŞ-nyň paýyna düşdi».

Gümrük statistikasyna görä, ýylyň ilkinji dört aýynda Şandun welaýaty takmynan 5 milliard ýuan (takmynan 735 million ABŞ dollary) möçberinde sport harytlaryny we dünýä çempionaty bilen baglanyşykly önümleri eksport etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 4 göterimden hem köp ösüşi aňladýar.

Ýerli gümrük edarasynyň wekili Si Huaýpen: «Önümler esasan ABŞ-a, Ýewropa Bileleşigine we Latyn Amerikasyna eksport edilýär. Olaryň arasynda Ýewropa Bileleşigi we Latyn Amerikasy ösüşiň täze hereketlendiriji güýçleridir. Iň uly ösüşi suw sportunyň harytlary we açyk howadaky oýunlar üçin enjamlar görkezdi» diýip belledi.

Dünýä çempionaty entek diňe golaýlap gelýär, ýöne hytaýly öndürijiler eýýäm milliardlarça girdeýji gazandylar. Emma şu zat barada oýlanmaga degýär: tutuş dünýä futbola tomaşa edip durka, Hytaý öz kassa girdejilerine sereder. Eger şu gün bular baýdaklar we sport enjamlary bolsa, onda ertir — janköýerler üçin biometrik bilezikler, stadionlardaky akylly howpsuzlyk ulgamlary we ýaýlym üçin üçin goşulan hakykat tehnologiýalary bolar. Dünýä sporty eýýämden bäri ýöne bir oýun bolmakdan galdy. Bu indi bir pudakdyr. Hytaý bolsa onuň esasy üpjünçisi bolmagy başardy. Görnüşine görä, bu entek diňe birinji taýmdyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026