HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

Maý 11, 2026 | 23:26 |5326
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dag etekleriniň ähli ajaýyplygyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardyTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dag etekleriniň ähli ajaýyplygyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Çeşme: orient.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dag etekleriniň ähli ajaýyplygyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Halk Maslahatynyň Başlygyna häzirki wagtda bu desgada döwrebap talaplara we ýokary halkara standartlara laýyklykda ýokary depginler bilen amala aşyrylýan düýpli döwrebaplaşdyryş işleriniň alnyp barlyşy barada giňişleýin maglumat berildi.

Bu ýerde esasy üns toplumda amala aşyrylýan işleriň ýokary tehnologiýalylygyna we sanlylaşdyrylmagyna gönükdirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň merkezi girelgesinde oturdylan bedew heýkelini, girelgäniň aýmançalarynyň bezeg aýratynlyklaryny we toplumyň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlap, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň hil derejesine aýratyn üns berilmelidigini belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri topluma gelýän ýoly döwrebaplaşdyrmak işleri bilen tanyşdy. Bu ýoluň gurluşygynda öňdebaryjy usul ulanylýar: onuň gurluşygy on gatlakdan ybarat bolup, olarda ulanylýan serişdeler hil derejesi, berkligi babatda ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Şeýle hem ýoluň gurluşygynyň şu görnüşdäki serişdeleriniň sebitde ilkinji gezek ulanylýandygy bellenildi. Bu usul diňe bir ýoluň berkligini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýagyn suwlaryny bir ýere toplamak we degişli ugra gönükdirmek ýaly mümkinçilikleri hem üpjün edýär, bu bolsa öňdebaryjy tejribedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri toplumyň abadanlaşdyrylyşy boýunça maslahatlaryny maslahatlaryny berip, tomaşaçylar üçin niýetlenen münberine bardy we bu ýerde at çapyşyklaryna tomaşa edýänler üçin amatly şertleriň döredilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Ahalteke atçylyk toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň esasy aýratynlygy — iş amallaryny guramakda sanly çemeleşmäniň ulanylmagydyr. Ýapyk görnüşli athanada üçin ähli amatlyklar döredilip, ol ýerde howa çalşygyny üpjün etmek, atlary iýmlemek, suwa ýakmak ýaly işler sanly ulgam arkaly amala aşyrylar. Şunuň bilen birlikde, atlaryň saglygyna yzygiderli gözegçilik etmek üçin ýörite enjamlar gurnalýar. Emeli aňyň mümkinçilikleri netijesinde bolsa, ähli maglumatlar ýeke-täk Sanly merkezde jemlener.

Toplumyň ýodalarynda, şol sanda üsti ýapyk manežde türkmen sähralarynyň çägesi ulanylýar. Bu çäge ýörite goşundylaryň kömegi bilen aşakdan çyglandyrylýar, bu bolsa bedewleriň oňaýly hereket etmegi üçin zerur bolan çägäniň dykyzlygyny üpjün edýär. Manežiň gyra germewlerine maýyşgak serişdeler ornaşdyrylýar, Munuň özi çylşyrymly hereketleri ýerine ýetirýän atlaryň toýnagyna, injiklerine zeper ýetmeginiň öňüni alýan döwrebap usuldyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň saparyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowa gurluşyk we bezeg işlerinde öňdebaryjy tejribäni hem-de täze tehnologiýalary işjeň ulanmak boýunça birnäçe maslahatlary berdi. Bu bolsa Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çägindäki işleri döwrüň talaplaryna we dünýäniň iň gowy tejribelerine laýyklykda dowam etdirilmeginde ähmiýetlidir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026
Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

Dana Pikir halkara ýük daşamalary üçin toplumlaýyn logistika çözgütlerini hödürleýär

23:30 Iýun 18, 2026
ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

ECONAMEH žurnalynyň täze sany: Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň medeni mirasy we başlangyçlary

22:47 Iýun 18, 2026