HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ilçisi Pakistandaky «akylly şäher» taslamasy bilen tanyşdy

Maý 11, 2026 | 22:24 |12856
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Yslamabadan 30 minutlyk uzaklykda ýerleşýän we häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän ýurduň iň iri «akylly şäher» taslamasy bolan “Capital Smart City”-de boldyTürkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Yslamabadan 30 minutlyk uzaklykda ýerleşýän we häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän ýurduň iň iri «akylly şäher» taslamasy bolan “Capital Smart City”-de boldy
Çeşme: pakistan.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Yslamabadan 30 minutlyk uzaklykda ýerleşýän we häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän ýurduň iň iri «akylly şäher» taslamasy bolan “Capital Smart City”-de boldy. Sapar wagtynda taraplar durmuşa geçirilýän tehnologik çözgütleriň derejesine ýokary baha berdiler hem-de şäher gurluşygy we innowasion tehnologiýalar ulgamynda tejribe alyşmaga, şeýle hem geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.

Tanyşlyk saparynyň çäginde türkmen diplomatlary 1,7 milliondan gowrak adamyň ýaşamagyna niýetlenen “Capital Smart City” taslamasynyň baş meýilnamasy bilen jikme-jik tanyşdylar. Olar esasy gurluşyk we düzümleýin desgalary gözden geçirdiler. Bu giň gerimli taslama döwrebap ýaşaýyş we söwda nokatlaryny, maliýe merkezini, bilim we saglygy goraýyş edaralaryny, ösen ulag düzümini, şeýle hem syýahatçylyk we dynç alyş zolaklaryny öz içine alýar.

turkmenistan-pakistan-embassy-capital-smart-city-islamabad.jpeg

Pakistan tarapy ýol hereketini dolandyryş ulgamlaryny, howpsuzlyk ulgamyndaky sanly çözgütleri, wideogözegçilik torlaryny, şeýle hem döwrebap energetika we telekommunikasiýa düzümlerini öz içine alýan intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berdi. Bu bolsa Türkmenistanda gurlan «akylly» Arkadag şäheriniň tejribesi bilen gönüden-göni utgaşýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026