HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Kamboja syýahatçylyk boýunça Ähtnama gol çekmek we işewürlik gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek barada ylalaşdylar

Maý 11, 2026 | 20:16 |4869
Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Kamboja Patyşalygyna netijeli iş saparyny amala aşyrdy. 8-9-njy maýda Pnompende hökümet we işewürler toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildiDaşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Kamboja Patyşalygyna netijeli iş saparyny amala aşyrdy. 8-9-njy maýda Pnompende hökümet we işewürler toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi
Çeşme: mfa.gov.tm

Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Kamboja Patyşalygyna netijeli iş saparyny amala aşyrdy. 8-9-njy maýda Pnompende hökümet we işewürler toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Şol duşuşyklaryň netijesinde syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany taýýarlamak we oňa gol çekmek barada ylalaşyk gazanyldy.

turkmenistan-cambodia-mfa-visit-phnom-penh (5).jpeg

Kambojanyň Hemişelik döwlet sekretary, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji It Sofea bilen geçirilen duşuşykda taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky ilkinji syýasy geňeşmeleriň ýokary derejede guralandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda yzygiderli syýasy dialogy işjeňleşdirmäge, hökümet we parlament derejesindäki gatnaşyklary berkitmäge, şeýle hem şertnamalaýyn-hukuk binýadyny giňeltmäge aýratyn üns berildi diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

turkmenistan-cambodia-mfa-visit-phnom-penh (3).jpeg

Ahmet Gurbanowyň Kambojanyň Söwda-senagat edarasynyň prezidenti Neok Oknha Kit Meng bilen geçiren duşuşygynyň esasy ugry ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi boldy. Türkmen tarapy iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni işewürlik gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki işewürlik forumlary, söwda wekilleriniň saparlaryny we tematiki onlaýn duşuşyklary guramak arkaly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edildi.

turkmenistan-cambodia-mfa-visit-phnom-penh (4).jpeg

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026