HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝHHG täze ahlak kadaly ýaş dolandyryjylar neslini kemala getirmäge ýardam berýär

Maý 09, 2026 | 21:54 |7584
5–8-nji maý aralygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Türkmen döwlet maliýe institutynda korrupsiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek meselelerine, şeýle hem aýlawly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly okuw sapaklaryny gurady5–8-nji maý aralygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Türkmen döwlet maliýe institutynda korrupsiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek meselelerine, şeýle hem aýlawly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly okuw sapaklaryny gurady
Çeşme: OSCE Centre in Ashgabat

5–8-nji maý aralygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi Türkmen döwlet maliýe institutynda korrupsiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek meselelerine, şeýle hem aýlawly ykdysadyýeti ösdürmek bilen bagly okuw sapaklaryny gurady. Çärä ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň — Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň hem-de Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdylar. Bu okuw moduly täze nesil hünärmenlerini dogruçyllyk, döwlet dolandyryşynyň ýokary ahlak ýörelgeleri we jemgyýetleriň durnukly ösüşine ygrarly ruhda kemala getirmekde möhüm ädim boldy.

Aýlawly ykdysadyýete bagyşlanan bölümde halkara bilermeni Andriý Worfolomeýew bu ulgamyň esasy ýörelgeleri, düşünjeleri we işewürlik modelleri bilen tanyşdyrdy. Esasy üns serişdeleri netijeli peýdalanmaga, önümçilik we sarp edişiň durnukly modellerini ornaşdyrmaga, şeýle hem ÝHHG-ä gatnaşyjy döwletleriň milli derejede aýlawly çemeleşmeleri ilerletmek boýunça öňdebaryjy tejribelerine gönükdirildi.

Okuwyň logiki dowamy hökmünde korrupsiýanyň, şol sanda ekologiýa ulgamyndaky korrupsiýanyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça seminar geçirildi. ÝHHG-niň bilermenleri doktor Ýewgeniý Burdelnyý we doktor Elton Kendro talyplara dogruçyllygyň hem-de döwlet dolandyryşynyň ýokary ýörelgelerini tanyşdyrdylar. Gatnaşyjylar döwlet dolandyryşynda korrupsiýanyň öňüni almak boýunça düşünjeler we amaly çemeleşmeler barada maglumat aldylar.

Şeýle-de ÝHHG-niň aç-açanlygy we hasabatlylygy ilerletmek boýunça öňdebaryjy tejribelerine, ekologiýa ulgamyndaky korrupsiýa töwekgelçiliklerine hem-de olary azaltmagyň gurallaryna aýratyn üns berildi.

ÝHHG-niň Albaniýadaky wekilhanasynyň döwlet dolandyryşy bölüminiň ýolbaşçysy wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji doktor Ýewgeniý Burdelnynyň belleýşi ýaly, «korrupsiýa diňe maliýe serişdeleriniň biderek sarp edilmegi däl. Ol adamlary adalatdan mahrum edýär, ynamy gowşadýar we ösüş mümkinçiliklerini çäklendirýär». Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda talyplar bilen alnyp barylýan işler geljekde jemgyýetlerde dogruçyllygy we durnukly ösüşi ilerledýän güýçli institutlary döretjek hünärmenleriň kemala gelmegine ýardam berýär.

Öz gezeginde ÝHHG-niň Albaniýadaky wekilhanasynyň milli maksatnama işgäri doktor Elton Kendro «ekologiýa korrupsiýasynyň we jenaýatçylygyň ilatyň saglygyna, tebigy baýlyklara we durnukly ösüşe gönüden-göni täsir edýän döwlet dolandyryşy hem-de howpsuzlyk meseleleri hökmünde barha köp ykrar edilýändigini» aýtdy. Ol ekologiýa jenaýatlaryna garşy göreşmekde pudagara hyzmatdaşlygy goldamak boýunça Albaniýanyň tejribesini mysal getirip, has ýakyn utgaşdyrylyşyň beýleki ýurtlarda öňüni alyş çärelerini we hasabatlylygy güýçlendirmek üçin amaly nusga bolup biljekdigini belledi.

Okuwyň çäklerinde geçirilen interaktiw çekişmeler talyplara ykdysady hem-de ekologiýa syýasatyny işläp taýýarlamakda dogruçyllyk ýörelgesiniň ähmiýetini seljermäge mümkinçilik berdi. Çäre korrupsiýa garşy mehanizmler we durnukly ösüş çemeleşmeleri boýunça bilimleriň çuňlaşmagyna ýardam edip, ekologiýa özgertmeleriniň döwlet dolandyryşyndaky aç-açanlyk we hasabatlylyk ýörelgeleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026