Eýranyň daşary işler ministri Hytaýa saparynyň örän ähmiýetli we netijeli bolandygyny aýtdy
Seýed Abbas Aragçi Wan I bilen gepleşikleri geçirdi. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gatnaşyklar, uruş, ýadro maksatnamasy we sanksiýalar meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. CCTV+ bu barada şeýle habar berýär.
Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi Hytaýa amala aşyran saparyny örän ähmiýetli we netijeli diýip atlandyrdy. Ol söhbetdeşleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklar hem-de Eýranyň ýüzbe-ýüz bolýan ähli möhüm meseleleri boýunça çuňňur gepleşikleri geçirendigini aýtdy.
Çarşenbe güni Hytaýa sapar amala aşyran we Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen gepleşik geçiren Aragçi IRIB Eýranyň döwlet habarlar agentligine beren interwýusynda uruşdan soňky Eýranyň halkara hyzmatdaşlygynyň täze tapgyryna gadam basýandygyny aýtdy.
“Biziň hytaýly dostlarymyz hem uruşdan soňky Eýranyň uruşdan öňki Eýrandan tapawutlanýandygyna, onuň öz mümkinçiliklerini we kuwwatyny subut edendigine ynanýarlar. Şonuň üçin öňümizde Eýran bilen beýleki ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlykda täze bir tapgyr garaşýar” diýip, ol aýtdy.
Aragçi taraplaryň häzirki meseleleriň ähli toplumyna garap çykandygyny we gowy netijeleri gazanandygyny belledi. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda uruş we ony bes etmegiň ýollary, Eýranyň ýadro maksatnamasy hem-de onuň parahatçylykly häsiýeti bilen bagly gepleşikler, sanksiýalar, şeýle hem ähli ikitaraplaýyn meseleler bar. Şeýle-de Ormuz bogazy meselesi we Eýran Yslam Respublikasynyň hukuklaryna hormat goýmagyň zerurlygy ara alnyp maslahatlaşyldy.








