HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkiýe 2026-njy ýylyň birinji çärýegini syýahatçylyk pudagynda rekord görkezijiler bilen jemledi

Maý 07, 2026 | 22:15 |8436
Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy täsirli ösüş depginini dowam etdirýär. Ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň täze hasabatyna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji üç aýynda pudak täze taryhy sepgitlere ýetip, dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk merkezleriniň biri hökmündäki ornuny ýene bir gezek tassykladyTürkiýäniň syýahatçylyk pudagy täsirli ösüş depginini dowam etdirýär. Ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň täze hasabatyna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji üç aýynda pudak täze taryhy sepgitlere ýetip, dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk merkezleriniň biri hökmündäki ornuny ýene bir gezek tassyklady
Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy täsirli ösüş depginini dowam etdirýär. Ýurduň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň täze hasabatyna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji üç aýynda pudak täze taryhy sepgitlere ýetip, dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk merkezleriniň biri hökmündäki ornuny ýene bir gezek tassyklady.

Resmi statistika görä, ýylyň birinji çärýeginde daşary ýurtly syýahatçylaryň sany 4,2% ýokarlanyp, 9,2 million adama ýetdi. Pudagyň umumy girdejisi hem şol derejede ösüp, 9,9 milliard amerikan dollaryny düzdi. Dünýäde dowam edýän geosyýasy durnuksyzlyga garamazdan, Türkiýäniň syýahatçylyk modeli ýokary çeýeligi we durnuklylygy görkezdi.

İstanbul Galataport Cruise

Möhüm üstünlikleriň biri hökmünde, bir syýahatçynyň bir gijelik ortaça çykdajysynyň artandygy boldy. 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde bu görkeziji 102 amerikan dollaryna ýetdi. Bu bolsa öňki ýyllaryň maglumatlaryndan ep-esli ýokarydyr (2025-nji ýylda 99 dollar, 2017-nji ýylda bolsa bary-ýogy 68 dollar). Şeýle ösüş döwlet tarapyndan alnyp barylýan syýahatçylyk pudagyny ýokary girdejili ugra gönükdirmek strategiýasynyň gönüden-göni netijesidir.

Ýylyň başynda syýahatçylaryň esasy akymyny Germaniýa, Russiýa we Bolgariýa üpjün etdi. Bu ýurtlardan degişlilikde 678 müň, 651 müň we 539 müň syýahatçy geldi.

UEFA Champions  Cup - Istanbul Atlas Cinema

Ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna Stambul şäherinde geçiriljek UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň finaly ýaly iri halkara çäreler hem ýardam berýär. Mundan başga-da, “Formula-1” ýaryşlarynyň 2027-nji ýylda ýene-de senenama gaýdyp gelmegi baradaky meýilnamalar eýýäm häzirki wagtda syýahatçylyk akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam edýär. Häzirki wagtda degişli ministrlik her bir sebit üçin aýratyn hereket meýilnamalaryny durmuşa geçirip, häzirki zaman syýahatçylarynyň isleglerine operatiw jogap berýär.

İzmir_Alaçatı

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026