HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Tatneft»-iň Türkmenistandaky şahamçasy № 2026/22 tender boýunça arzalaryň kabul ediliş möhletiniň uzaldylýandygyny yglan edýär

Maý 06, 2026 | 23:19 |5902
«Tatneft» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy tender komissiýasynyň adyndan F-800 buraw nasoslary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça № 2026/22 tenderiň tekliplerini kabul etmegiň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berýär«Tatneft» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy tender komissiýasynyň adyndan F-800 buraw nasoslary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça № 2026/22 tenderiň tekliplerini kabul etmegiň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berýär
Çeşme: orient.tm

«Tatneft» kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy tender komissiýasynyň adyndan F-800 buraw nasoslary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça № 2026/22 tenderiň tekliplerini kabul etmegiň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berýär.

Teklipleri tabşyrmagyň möhleti

2026-njy ýylyň 15-nji maýyna çenli (goşmak bilen).

Gatnaşmagyň tertibi

1. Arza tabşyrmak

Dalaşgär arzasyny aşakdaky elektron poçta salgysyna ibermeli:

KhalilulinBS@tatneft.tatar

Arza:

— kompaniýanyň resmi blankasynda taýýarlanmaly;

— şahamçanyň ýolbaşçysyna ýüzlenmeli;

— ygtyýarlandyrylan şahs tarapyndan gol çekilmeli;

— möhür bilen tassyklanmaly;

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we bank rekwizitlerini öz içine almaly.

Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary şol ýerlerde ýerleşýän kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.

2. Tehniki tabşyrygy almak

Arza kabul edilenden soň, gatnaşyja görkezilen elektron poçta arkaly tehniki tabşyryk iberilýär.

3. Tender teklibine bildirilýän talaplar

— elektron faýllar görnüşinde hödürlenmeli;

— formaty: PDF (Excel görnüşinde hem gaýtalanmaly);

— arhiw: RAR formaty;

— gorag: azyndan 8 nyşandan ybarat açar sözi.

  1. Teklipleri tabşyrmagyň möhletleri

Tender teklibi «Nebit-Gaz» gazetinde we www.oilgas.gov.tm saýtynda resmi çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda tabşyrylmaly, emma iň soňky möhlet — ýerli wagt bilen 18:00-dan gijä galmaly däl (onunjy iş gününiň ahyryna çenli).

Bellenen möhletden giç gelip gowşan teklipler kabul edilmeýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar

Guramaçylyk meseleleri boýunça:

+993-65-83-18-99 (MTO inženeri)

Tehniki meseleler boýunça:

+993-62-74-18-80 (baş mehanik)

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

1860-njy ýylda neşir edilen kitapdan türkmenler barada 10 gyzykly maglumat

21:45 Awgust 02, 2026
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026