HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýaşlar üçin amaly biznes sapagy: «Biznesiň skeleti – rollar we paýlar»

Maý 06, 2026 | 23:05 |434
Ýakynda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaş telekeçileriň we talyplaryň gatnaşmagynda «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak ýokary derejede geçirildiÝakynda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaş telekeçileriň we talyplaryň gatnaşmagynda «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak ýokary derejede geçirildi
Çeşme: Guramaçylar tarapyndan berlen

Ýakynda S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ýaş telekeçileriň we talyplaryň gatnaşmagynda «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak ýokary derejede geçirildi. Kadyrberdi Nurberdiýew öz tejribesine daýanyp, biznesi gurmakda diňe bir ideýanyň däl, eýsem dogry gurluşyň hem möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

Çäräni Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, TSTP-niň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky “Ýaş telekeçiler” merkezi hem-de TMÝG-niň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik işleri boýunça Merkezi tarapyndan bilelikde guradylar.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara biznesiň içki arhitekturasy, rollaryň netijeli paýlanyşy we jogapkärçiligiň takyk kesgitlenmeginiň kompaniýanyň ösüşine nähili täsir edýändigi barada gymmatly maglumatlar berildi. Belläp geçilişi ýaly, her bir üstünlikli kompaniýanyň binýady anyk kesgitlenen rollardan, düşnükli jogapkärçilikden we deňagramly paý gurluşyndan ybaratdyr.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde açyk sapak

Kadyrberdi Nurberdiýew öz çykyşynda biznesde tertip-düzgüniň we dolandyryş ulgamynyň bolmazlygynyň köp halatlarda üstünliksizlige getirýändigini aýratyn nygtady. Şeýle-de ol, dogry gurluşyň döredilmegi bilen islendik ideýanyň durnukly we dolandyrylýan ulgama öwrülip bilýändigini mysallar arkaly düşündirdi. Gatnaşyjylar özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip, amaly maslahatlary aldylar. Bu bolsa çäräniň diňe teoriýa bilen çäklenmän, eýsem amaly taýdan hem ähmiýetlidigini görkezdi.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026