HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti weteranlary sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi

Maý 06, 2026 | 05:31 |6057
Prezident Serdar Berdimuhamedow 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygynyň öňisyrasynda türkmenistanly gahrymanlary hormatlamak maksady bilen Permana gol çekdiPrezident Serdar Berdimuhamedow 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygynyň öňisyrasynda türkmenistanly gahrymanlary hormatlamak maksady bilen Permana gol çekdi
Çeşme: orient.tm

Prezident Serdar Berdimuhamedow 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygynyň öňisyrasynda türkmenistanly gahrymanlary hormatlamak maksady bilen Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda uruş weteranlaryna we tylda zähmet çekenlere döwlet Baştutanynyň adyndan pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.

Permanda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylygy hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligi nygtalýar. Şu günki günde weteranlar ýurduň durmuşyna bahasyna ýetip bolmajak goşant goşmagy dowam etdirýärler, ýaş nesilleri watançylyk, gahrymançylyk, mertlik ruhunda terbiýelemekde, halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmekde möhüm işleri alyp barýarlar. Olaryň durmuş tejribesi halkyň agzybirligini pugtalandyrmakda we giň gerimli döwlet özgertmelerini amala aşyrmakda daýanç bolup hyzmat edýär.

Sowgatlary gowşurmak boýunça dabaraly çäreleri guramak Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň, şäherleriniň we etraplarynyň häkimliklerine tabşyryldy. Bu duşuşyklar 1941–1945-nji ýyllaryň esgerleriniň we zähmetkeşleriniň görkezen edermenliginiň halkyň mukaddes gymmatlygy bolup galýandygynyň, ýaş uly nesil baradaky aladanyň bolsa döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026