HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Apple täze baş direktor bilen işläp taýýarlamalara goýulýan maýa goýumlaryny artdyrar

Maý 06, 2026 | 23:12 |3789
Täze baş direktor Jon Ternusyň işe başlamagy bilen Apple kompaniýasy önüm işläp taýýarlamalaryna goýulýan maýa goýumlaryna has köp üns bererTäze baş direktor Jon Ternusyň işe başlamagy bilen Apple kompaniýasy önüm işläp taýýarlamalaryna goýulýan maýa goýumlaryna has köp üns berer
Çeşme: gazeta.ru

Täze baş direktor Jon Ternusyň işe başlamagy bilen Apple kompaniýasy önüm işläp taýýarlamalaryna goýulýan maýa goýumlaryna has köp üns berer.

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, Ternus kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesinde Tim Kuky çalşar. Täzelenen strategiýanyň çäklerinde Apple barlaglar we işläp taýýarlama (R&D) ugurlaryna gönükdirilýän serişdeleriň paýyny artdyrmagy, şol bir wagtyň özünde 2012-nji ýyldan bäri giňden ulanylýan paýdarlara maýa gaýtarylyşynyň möçberini azaltmagy meýilleşdirýär.

Maglumat çeşmeleriniň berýän habaryna görä, şeýle çemeleşme güýçlenýän bäsdeşlik we çaltlaşýan tehnologik ösüş şertlerinde Apple kompaniýasyna has çeýe hereket etmäge mümkinçilik berer. Şol bir wagtda, Ternus Kuk döwründe döredilen maliýe syýasatynyň esasy ugurlaryndan doly ýüz öwürmegi meýilleşdirmeýär.

Mundan başga-da, orta möhletli geljekde Apple bazara takmynan on sany täze enjam kategoriýasyny çykarmagy göz öňünde tutýar. Şeýle önümleriň ilkinji nusgalarynyň biri hökmünde eplenilýän iPhone görkezilýär, onuň 2026-njy ýylyň güýzünde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max flagman modelleri bilen birlikde tanyşdyrylmagyna garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026