HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen milli konserwatoriýasynda ýaş kompozitor Aýläle Gulmyradowanyň awtorlyk agşamy geçirildi

Maý 06, 2026 | 23:10 |5506
Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda kompozisiýa we orkestrowka kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Aýläle Gulmyradowanyň konserti geçirildiMaýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda kompozisiýa we orkestrowka kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Aýläle Gulmyradowanyň konserti geçirildi
Çeşme: awtor tarapyndan berlen

Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda kompozisiýa we orkestrowka kafedrasynyň 2-nji ýyl talyby Aýläle Gulmyradowanyň konserti geçirildi. Okuwyň şeýle irki tapgyrynda doly döredijilik agşamy guramak uly synagdyr, bu diňe bir zehini däl, eýsem belli bir döredijilik kämilligini hem talap edýär. Konsertiň maksatnamasy ýokary okuw mekdebinde hünär ussatlygyny ele almak döwründe döredilen eserleri özünde jemläp, ýerine ýetirilen işleriň hasabaty hökmünde çykyş etdi.

Aýläle Gulmyradowanyň döredijilik keşbi aýdym žanryna bolan meýli bilen tapawutlanýar. Maksatnamanyň möhüm bölegini wokal sazlary düzdi, bu bolsa awtoryň milli däplere ygrarlylygyny görkezýär. Diňleýjileriň aýratyn ünsüni beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň goşgularyna ýazylan aýdymlar çekdi. «Ili gözlär» we «Muhtaç eýleme» eserlerinde kompozitor nusgawy miras bilen döwrebap saz garaýyşlarynyň arasynda deňagramlylygy tapmagy başardy. Bu eserlerde saz şahyryň filosofik oýlanmalarynyň duýgur ýolbeledi hökmünde çykyş edip, olaryň içki ritmini we duýgy güýjüni açyp görkezýär.

Konsertiň wokal ugry Gurbannazar Ezizowyň şygyryýetine ýüzlenmek bilen dowam etdi. «Çeşmäm» aýdymy awtoryň inçe lirizm we çylşyrymly metaforalar bilen işleşmek ukybyny görkezdi. Diňleýjiler kompozitoryň goşgy gurluşyna nähili ünsli çemeleşýändigini aýratyn belläp geçdiler — saz setirleri ene diliň intonasiýalaryndan tebigy ýagdaýda gelip çykýar.

Aýläläniň döredijilik gaznasynda köp sesli gurluş bilen işleşmek ussatlygyny talap edýän hor sazyna aýratyn orun berilýär. Osman Aşyrowyň sözlerine ýazylan «Watanym» eseri zaly dabaraly we täsirli owaz bilen doldurdy. Bu işde kompozitor watançylyk temasyny çuňňur duýup, adam sesiniň mümkinçiliklerine gowy düşünýändigini we giň gerimli saz keşplerini döretmek ukybyny görkezdi.

Konsertiň instrumental bölegi Aýläläni akademiki görnüşleri özleşdirýän kompozitor hökmünde görkezdi. Fortepiano üçin ýazylan alty miniatýuradan ybarat tapgyr gysga görnüşde doly şekillendirilen, dürli häsiýetli saz keşpleriniň toplumyny hödürledi.

Has çylşyrymly mesele fortepiano üçin Wariasiýaly tema boldy. Bu eserde Aýläle saz pikiriniň logiki ösüşini gurmak ukybyny we başlangyç materialy onuň tanalýandygyny saklap, üýtgetmek başarnygyny görkezdi. Fortepiano fakturasy bilen işlemek talybyň ýokary derejeli taýýarlygyny tassyklady.

Ýaş kompozitor üçin bu agşam saýlan döredijilik ýolunyň dogrudygyny tassyklaýan möhüm tapgyr boldy. Biz Aýläle Gulmyradowa bu ugurda üstünlik arzuw edýäris, täze döredijilik ýeňişlerine garaşýarys we onuň geljekdäki üstünliklerini üns bilen yzarlarys.

Aýna Şirowa

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026