HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Türkmennebit" DK №203/1 belgili halkara tenderi yglan edýär

Maý 04, 2026 | 16:22 |9406
«Türkmennebit» döwlet konserni tender toparynyň adyndan taslama işlerini ýerine ýetirmek we häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça №203/1 halkara tenderi gaýtadan yglan edýär«Türkmennebit» döwlet konserni tender toparynyň adyndan taslama işlerini ýerine ýetirmek we häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça №203/1 halkara tenderi gaýtadan yglan edýär
Çeşme: oilgas.gov.tm

«Türkmennebit» döwlet konserni tender toparynyň adyndan taslama işlerini ýerine ýetirmek we häzirki zaman sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça №203/1 halkara tenderi gaýtadan yglan edýär.

Geçiriljek möhleti: 2026-njy ýylyň 1-nji maýyndan - 17-nji iýuny aralygy

Tenderiň predmeti

Tender aşakdaky işleri ýerine ýetirmek boýunça yglan edilýär:

  • taslama resminamalaryny işläp düzmek;

  • doly iş toplumyny ýerine ýetirmek;

  • elektron maglumatlar binýadynyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny kämilleşdirmek boýunça tender tekliplerini taýýarlamak;

  • "Türkmennebit" konserniniň kärhanalarynda täze maglumat ulgamlaryny ornaşdyrmak.

Gatnaşmagyň şertleri

Tendere gatnaşmaga diňe tender resminamalarynyň talaplaryna laýyk gelýän önüm we hyzmat öndüriji kompaniýalar goýberilýär.

Ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplaryna eýe bolan gatnaşyjylar goýberilmeýär.

Arzalary tabşyrmagyň tertibi

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56, 4-nji gat, “Türkmennebit” DK salgysy boýunça:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;

  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

  • lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly.

Maliýe şertleri

Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 1725 (bir müň ýedi ýüz ýigrimi bäş) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i hasaba almak bilen) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Töleg üçin hasap ýazmaça arza tabşyrylandan soň berilýär.

Tender teklipleriniň tabşyrylmagy

Tender teklipleri, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde resmi taýdan çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär, ýöne 30-njy iş güni 12:00 sagatdan gijä galman (ýerli wagt).

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Resminamalary tabşyrmagyň görnüşi

Syýa möhüri bilen tassyklanan doly tender teklibi bolan bir möhürlenen bukja, bildiriş çap edilen pursatyndan başlap ýokardaky salga eltilmelidir we serişdeler hasabyň hasabyna geçirilenden soň serediler. Tender bukjasynda:

  • anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy şertleri (Word formatda);

  • tehniki we ykdysady spesifikasiýa (Excel formatda) bolmaly.

Habarlaşmak üçin

Telefon belgileri:

40-39-90 (arzalary tabşyrmak üçin faks)

40-39-93, 40-36-21, 40-36-74, 40-30-67 (tehnikisoraglar)

E-mail: fer@turkmennebit.gov.tm

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026
Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

Özbegistan 2025-nji ýylda 43,1 milliard ABŞ dollary möçberinde maýa goýumy çekdi: Hytaý 15,5 milliard dollar bilen öňdebaryjy, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Banky her ýyl 1 milliard ýewro maýa goýýar, 100 ýurtdan müňlerçe wekiller gatnaşdy

17:00 Iýun 19, 2026
Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

Özbegistanyň Merkezi banky 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna milli ýygyndynyň çykmagynyň hormatyna ýadygärlik teňňeleri çykarar

23:45 Iýun 18, 2026