HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Spotify diňleýjileri emeli aň bilen döredilen aýdym-sazdan goramak üçin bellik girizýär

Maý 03, 2026 | 18:59 |4707
Striming hyzmaty Spotify täze barlag ulgamyny işe girizýär, bu bolsa ulanyjylara hakyky ýerine ýetirijileri emeli aň tarapyndan döredilen mazmundan aňsat tapawutlandyrmaga mümkinçilik bererStriming hyzmaty Spotify täze barlag ulgamyny işe girizýär, bu bolsa ulanyjylara hakyky ýerine ýetirijileri emeli aň tarapyndan döredilen mazmundan aňsat tapawutlandyrmaga mümkinçilik berer
Çeşme: Spotify

Striming hyzmaty Spotify täze barlag ulgamyny işe girizýär, bu bolsa ulanyjylara hakyky ýerine ýetirijileri emeli aň tarapyndan döredilen mazmundan aňsat tapawutlandyrmaga mümkinçilik berer. Ýakyn wagtda ýerine ýetirijileriň profilinde we gözleg netijelerinde “Spotify tarapyndan tassyklanan” diýen ýaşyl bellik peýda bolar.

Täze nyşan aýdym-sazyň hakyky adam tarapyndan döredilendigini tassyklar. Şeýle belligi almak üçin ýerine ýetiriji berk talaplara laýyk gelmeli: diňleýjileriň durnukly sanyna eýe bolmaly, platformadan daşarda (sosial ulgamlarda, merch satuwynda ýa-da konsertlerde) işjeňligini subut etmeli we hyzmatyň howpsuzlyk düzgünlerini doly berjaý etmeli.

Platforma medeniýete goşant goşýan sazandalara aýratyn ähmiýet berýändigini belleýär. Emeli aň tarapyndan döredilen şahslara, neýro-trekler we diňe fon üçin döredilen “kontent-fermalar” ýaly hasaplar bu tassyklamany alyp bilmez. Spotify döredijiligi özboluşly adam gymmatyna eýe bolan awtorlary tapawutlandyrmak isleýär.

Saz bazary çalt ösýändigi sebäpli barlaglar yzygiderli geçirilip durar. Ilkibaşda derejäni alyp bilmedik ýerine ýetirijiler geljekde meşhurlygynyň artmagy bilen täzeden ýüz tutup bilerler. Ulgam adam döredijiligini algoritmiki döredilen mazmundan netijeli tapawutlandyrmak üçin yzygiderli kämilleşdiriler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Hindi kino festiwaly geçiriler

Aşgabatda Hindi kino festiwaly geçiriler

07:03 Awgust 08, 2026
Toyota-Beyik Yupek Yoly resmi hyzmat merkezinden ýörite teklip

Toyota-Beyik Yupek Yoly resmi hyzmat merkezinden ýörite teklip

06:07 Awgust 08, 2026
Bilelik Hub merkezindäki açyk gapylar güni Aşgabadyň ýaşaýjylaryny bilim, tehnologiýalar we jemgyýetçilik çygrynda birleşdirdi

Bilelik Hub merkezindäki açyk gapylar güni Aşgabadyň ýaşaýjylaryny bilim, tehnologiýalar we jemgyýetçilik çygrynda birleşdirdi

06:02 Awgust 08, 2026