HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Germaniýada dogluş derejesi soňky 80 ýylyň iň pes derejesine düşdi

Maý 04, 2026 | 19:40 |5053
Germaniýada demografik ýagdaý howply derejä ýetdi. Wisbaden şäherindäki Federal statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ýurtda takmynan 654 300 çaga dünýä indi, bu bolsa 1946-njy ýyldan bäri iň pes görkeziji bolup durýarGermaniýada demografik ýagdaý howply derejä ýetdi. Wisbaden şäherindäki Federal statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ýurtda takmynan 654 300 çaga dünýä indi, bu bolsa 1946-njy ýyldan bäri iň pes görkeziji bolup durýar
Çeşme: dw.com

Germaniýada demografik ýagdaý howply derejä ýetdi. Wisbaden şäherindäki Federal statistika gullugynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda ýurtda takmynan 654 300 çaga dünýä indi, bu bolsa 1946-njy ýyldan bäri iň pes görkeziji bolup durýar. Dogluş derejesiniň peselmegi yzly-yzyna dördünji ýyl dowam edýär.

Geçen ýylda ölüm derejesi ep-esli derejede dogluşdan ýokary boldy: aradan çykanlaryň sany bir milliondan geçdi. 352 müň adamlyk tapawut uruşdan soňky döwürde iň uly dogluş ýetmezçiligi boldy. Ýagdaýy has hem kynlaşdyrýan zat — häzirki wagtda çaga dogurýan ýaşdaky ilatyň 1990-njy ýyllarda doglan az sanly nesil bolmagydyr.

Mundan başga-da, maliýe kynçylyklary esasy faktorlaryň biridir. Soraglara görä, Germaniýanyň ýaşaýjylarynyň 55%-i çagalar üçin çykdajylary “göterip bolmajak” diýip hasaplaýar. Maşgalany giňeltmegiň öňündäki esasy päsgelçilikler hökmünde ýaşaýyş jaýynyň, azyk önümleriniň we energiýanyň bahalarynyň ýokarlanmagy, ýokary salgytlar we sosial tölegler, şeýle hem çaganyň dünýä inmeginden soň doly däl iş wagtyna geçilmegi sebäpli girdejiniň azalmagy görkezilýär.

Dogluş derejesiniň peselmegi gündogar federal ýerlerde (–4,5%) günbatara (–3,2%) garanyňda has güýçli boldy. Iň uly peselme Meklenburg-Öňki Pomeraniýada (–8,4%) hasaba alyndy, şol bir wagtyň özünde Gamburg az mukdarda ösüş görkezýän ýeke-täk sebit boldy. Şuňa meňzeş ýaramaz ýagdaý Fransiýada, Italiýada we Şwesiýada hem syn edilýär, emma Ispaniýada we Niderlandlarda ýagdaý durnuklaşyp başlady.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026