HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Arkadag şäheri bütindünýä forumynda özüniň tanyşdyrylyşyna taýýarlyk görýär

Maý 04, 2026 | 16:30 |6754
2-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we gurluşygyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy2-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we gurluşygyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy
Çeşme: orient.tm

2-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy we gurluşygyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy.

Gurluşygyň ikinji tapgyrynda metjit we onuň ýanyndaky muzeý toplumy aýratyn orun tutýar. türkmen halkynyň Milli Lideri bu ruhy we medeni merkezleriň gurluşygynyň pederlerimiziň däplerini innowasion tehnologiýalar bilen utgaşdyrmagy talap edýändigini, metjidiň töwereginde abadanlaşdyrylyş işleriniň bolsa ýerli tebigy aýratynlyklary nazara almak bilen, berk ylmy esasda alnyp barylmalydygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şeýle desgalaryň bezeg işlerinde we taslamalarynyň düzülmeginde hiliniň dünýä standartlaryna laýyk gelmelidigini, sanly ulgamlaryň bolsa gurluşygyň ähli tapgyrlaryna ornaşdyrylmalydygyny belledi.

Ikinji tapgyryň durmuş ugurlylygy özüniň gerimi bilen haýran galdyrýar. Birinji tapgyrda 7 müňden gowrak maşgala ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilen bolsa, häzirki wagtda ýene-de 4284 maşgala üçin niýetlenen öýleriň gurluşygyna taýýarlyk görülýär. Ähli jaýlar suwuň, gazyň we elektrik energiýasynyň rejeli ulanylmagy üçin sanly ulgamlar bilen enjamlaşdyrylýar.

şäherde bilim alýan talyplar üçin birnäçe talyp haklaryny girizmek teklip edildi, bu bolsa ýokary tehnologiýalary özleşdirmekde goşmaça höweslendirme bolar.

Iş saparynyň möhüm netijesi, Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň (UN-Habitat) 13-nji mejlisine Arkadag şäheriniň wekilýetiniň gatnaşmagy baradaky meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy boldy. Türkmenistanyň halkara güwänamalary bilen tassyklanan ilkinji “akylly” şäheriniň tejribesi bu ähmiýetli forumda ýurdumyzyň esasy görkeziljek nusgasy bolar. Bu ýerde synagdan geçirilen innowasiýalar ýurdumyzyň halkara binagärlik we tehnologik giňişliginde mynasyp orun almagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

Türkmen wekiliýeti Niderlandlarda ahalteke atlarynyň dünýä çempionatyna taýarlygyň barşy bilen tanyşýarlar

22:22 Awgust 05, 2026
Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

Özbegistan ICCA-a agza boldy: ýurt dünýä forumlary we kongresleri üçin täze meýdança öwrüler

22:04 Awgust 05, 2026
Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

Beýik Britaniýa Chevening talyp haky maksatnamasy üçin resminamalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi

21:52 Awgust 05, 2026