HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Si Szinpin ýurduň zähmetkeşlerini 1-nji maý baýramy bilen gutlady

Maý 02, 2026 | 20:10 |4617
Çeşme: orient.tm

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin jemgyýetiň ähli gatlaklaryndaky zähmetkeşleri döredijilikli işde yhlasly bolmaga, göreşde gaýratly çykyş etmäge hem-de zähmete hormat goýmak, hünäriň gymmatyny bilmek we döredijilik mümkinçiliklerini açmak ýörelgelerine ygrarly bolmaga çagyrdy. Ol zähmetiň baýlyk, bagtyýarlyk we üstünlik üçin esasy çeşmedigini aýratyn nygtady.

Si Szinpin, şol bir wagtda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary hem-de Merkezi harby komissiýanyň başlygy hökmünde sişenbe güni — Halkara zähmetkeşler güni bolan 1-nji maýyň öňüsyrasynda ýurduň zähmetkeşlerini gutlap, olara iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Ol hemişe giň köpçülikdäki zähmetkeşler barada alada edip gelýär, elmydama zähmeti we döredijiligi wasp edip, öňdebaryjy işçileriň ruhuna, zähmet we ussatlyk ruhuna ýokary baha berýär. Şeýle hem, zähmetiň baýlygyň we bagtyň çeşmesidigini birnäçe gezek belläp geçdi.

Soňky ýyllarda Si Szinpin Halkara zähmetkeşler gününden öň öňdebaryjy işgärler bilen dürli görnüşlerde duşuşyp, olaryň işine çuňňur hormatyny görkezýär.

2013-nji ýylyň aprelinde Si Szinpin ýurduň öňdebaryjy işgärleri bilen Ählihytaý Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýygnagynda duşuşdy.

“Adamlaryň ajaýyp arzuwlary diňe halal zähmet arkaly amala aşyrylyp bilner; ösüş ýolunda ýüze çykýan ähli kynçylyklar diňe halal zähmet bilen ýeňilip bilner; durmuşdaky ähli şöhrat hem diňe halal zähmet bilen döredilýär,” — diýip, Si Szinpin aýtdy.

Ol öň hatarda zähmet çekýän işgärleriň ýanyna ýygy-ýygydan baryp, olar bilen mähirli gürrüňdeşlikler geçirýär. Onuň saparlary obalardan başlap, ekerançylyk meýdanlaryna we zawodlara çenli ýetýär. Ol zähmetkeşleriň Hytaýyň ösüşine goşýan goşandyna ýokary baha berip, olary has uly üstünliklere ruhlandyrýar.

“Biziň Respublikamyzyň binasy kerpiç-kerpiç gurulýar. Hytaý muny başarýar! Hytaý, elbetde, muny başarýar! Onuň binýady näme? Bu siz. Halk — hakyky gahrymanlar. Sosializm yhlasly zähmet arkaly gurulýar,” — diýip, Si Szinpin 2019-njy ýylda Pekiniň Dasin halkara howa menziliniň açylyş dabarasynda aýtdy.

2015-nji ýylyň aprelinde Si Szinpin Pekinde ýurduň öňdebaryjy işgärlerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyp, jemgyýetiň zähmetsöýerlik bilen buýsanmalydygyny we ýaltalygy ýazgarmalydygyny aýtdy.

“Hytaýlylar zähmetsöýer we oýlap tapyjy halk hökmünde tanalýar. Zähmet we döredijilik geçmişdäki üstünliklerimiziň esasyny düzdi we häzirki gazananlarymyzyň hem binýadydyr,” — diýip, ol belledi.

2026-njy ýyl üçin täze ýyl ýüzlenmesinde Si Szinpin halkyň wepalylygyna we tutanýerliligine ýokary baha berip, olaryň yzygiderli zähmetiniň gülläp ösýän Hytaýy gurmaga uly goşant goşandygyny aýtdy.

“Siziň ýadawsyz zähmetiňiz ýurdumyzy gülläp ösdürdi. Men siziň aýratyn zähmetsöýerligiňize we ägirt uly goşandyňyza ýokary baha berýärin,” — diýip, Si Szinpin belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda rowaýata öwrülen hitlerden düzülen şowhunly konsert hödürlär

00:53 Iýun 20, 2026
Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlary barada maslahatlaşýarlar hem-de Hökümetara toparyň mejlisine taýýarlyk görýärler

23:55 Iýun 19, 2026
Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy

21:30 Iýun 19, 2026