HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Barselonada deňze çykalgaasy bolmadyk ýurtlar üçin hyzmatdaşlygyň täze nusgalary hödürleýär

Aprel 30, 2026 | 18:32 |5351
27-29-njy aprel aralygynda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilýän we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy halkara forumynyň çäklerinde, Türkmenistanyň wekiliýeti döwrebap bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň milli strategiýasyny tanyşdyrýar27-29-njy aprel aralygynda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilýän we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy halkara forumynyň çäklerinde, Türkmenistanyň wekiliýeti döwrebap bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň milli strategiýasyny tanyşdyrýar
Çeşme: mfa.gov.tm

27-29-njy aprel aralygynda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilýän we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan guralan Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy boýunça 10-njy halkara forumynyň çäklerinde, Türkmenistanyň wekiliýeti döwrebap bazar ykdysadyýetini ösdürmegiň milli strategiýasyny tanyşdyrýar. Şeýle abraýly çekişmelere gatnaşylmagy, ýurduň döwlet bilen işewürliginiň özara täsiriniň innowasion gurallaryny ornaşdyrmaga bolan maksatlaryny tassyklaýar.

Günüň tertibi esasy halkara başlangyçlaryny amala aşyrmaga, şol sanda BMG-niň Geljek üçin paktyna, Ösüşi maliýeleşdirmek hakyndaky Sewilýa ylalaşygyna we deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyna gönükdirilendir. Bu çarçuwaly ylalaşyklar halkara hyzmatdaşlygyny berkitmegiň, innowasion maliýeleşdiriş gurallaryna ýardam bermegiň we durnukly ösüş modellerini kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtaýar.

Gatnaşyjylar, şeýle hem, dünýä derejesindäki infrastruktura bökdençliklerini ýeňip geçmek, garyşyk maliýeleşdiriş gurallaryny işläp düzmek hem-de sanly tehnologiýalary we sirkulýar ykdysadyýet ýörelgelerini döwlet-hususy hyzmatdaşlygy taslamalaryna ornaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.

Türkmen wekiliýeti diňleýjileriň ünsüni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna çekdi. Ol diňe bir dynç alyş toplumy däl-de, eýsem dünýä derejesindäki hususy maýa goýumlary çekmek üçin geljegi uly bolan meýdança hökmünde tanyşdyryldy. 2024–2034-nji ýyllaryň onýyllygynyň çäklerinde Hereketleriň Awaza maksatnamasyny, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar (LLDC) üçin täze logistik we ykdysady çözgütleri hödürleýän esasy gurala öwrülýär.

Türkmen wekiliýeti hyzmatdaşlary Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy gurallarynyň iň ýokary netije berip biljek esasy pudaklary bilen tanyşdyrýar. Ileri tutulýan ugurlaryň sanawynda:

Ulag we logistika: sebitleýin integrasiýanyň bähbitlerine infrastrukturany berkitmek;

Täze nesliň energetikasy: durnukly çeşmelere geçmek we pudagy sanlylaşdyrmak;

Oba senagat we şäher infrastrukturasy: «akylly» şäherleri döretmek we oba senagat toplumynda innowasiýalary ornaşdyrmak.

Barselona forumyna gatnaşylmagy, Aşgabadyň döwrebap maliýe gurallary arkaly durnukly ösüşi ilerletmekde we halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmekde nobatdaky ädimi boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026