HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ulag we telekommunikasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Aprel 29, 2026 | 23:30 |8898
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annayew Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdiTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annayew Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi
Çeşme: Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annayew Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Gismat Gozalowy kabul etdi.

Bu barada Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy habar berdi. Taraplar Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda ýokary derejeli syýasy dialogyň hem-de özara saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşine goşýan goşandyny belläp, iki ýurduň ýolbaşçylarynyň syýasy erkiniň netijesinde hyzmatdaşlygyň strategik derejä ýetendigini nygtadylar. Duşuşykda ýurtlarymyzyň arasynda ulag, şeýle hem tranzit, logistika, sanly ösüş we telekommunikasiýa ugurlarynda häzirki ýagdaý we geljekki mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň amatly geografik ýerleşişiniň we sebitde artýan tranzit mümkinçiliginiň ulag geçelgelerini giňeltmek üçin möhüm mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

Şeýle hem, Bilelikdäki Hökümetara Toparynyň işleriniň çarçuwasynda sanly ösüş, telekommunikasiýa infrastrukturyny kämilleşdirmek, ulag-logistika we tranzit aragatnaşyklaryny berkitmek boýunça täze mümkinçilikler göz öňünde tutuldy. Şol bir wagtyň özünde, Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň we doganlyk gatnaşyklaryň, esesan hem agzalan ugurlarda amaly hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine özara gyzyklanma bildirildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026