HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

The Rolling Stones topary dünýä paýtagtlarynyň köçelerinde täze albomynyň anonsyny şifrledi

Aprel 30, 2026 | 21:57 |5263
Rowaýata öwrülen «rollingler» ýene-de ýaşyň diňe san bolandygyny, hakyky saza bolan söýginiň bolsa hiç hili çäk tanamaýandygyny subut etdiler. Dünýäniň dürli künjeklerinde — Londondan Sidneýe çenli — mahabat panellerinde olaryň meşhur dili çykarylan nyşany peýda boldy we onuň ýanynda syrly Foreign Tongues («Daşary ýurt dilleri») ýazgysy ýerleşdirildiRowaýata öwrülen «rollingler» ýene-de ýaşyň diňe san bolandygyny, hakyky saza bolan söýginiň bolsa hiç hili çäk tanamaýandygyny subut etdiler. Dünýäniň dürli künjeklerinde — Londondan Sidneýe çenli — mahabat panellerinde olaryň meşhur dili çykarylan nyşany peýda boldy we onuň ýanynda syrly Foreign Tongues («Daşary ýurt dilleri») ýazgysy ýerleşdirildi
Çeşme: Rich Fury / Getty Images

Rowaýata öwrülen «rollingler» ýene-de ýaşyň diňe san bolandygyny, hakyky saza bolan söýginiň bolsa hiç hili çäk tanamaýandygyny subut etdiler. Dünýäniň dürli künjeklerinde — Londondan Sidneýe çenli — mahabat panellerinde olaryň meşhur dili çykarylan nyşany peýda boldy we onuň ýanynda syrly Foreign Tongues («Daşary ýurt dilleri») ýazgysy ýerleşdirildi. Official Charts Company-niň maglumatlaryna görä, toparyň täze studiýa albomy hut şeýle atlandyrylar.

Toparyň marketing strategiýasy hakyky detektiw hekaýa öwrüldi. Ozal sazandalar The Cockroaches («Tarakanlar») diýen lakam bilen çäkli sanynda Rough & Twisted atly winil eserini çykardylar. Ünsli janköýerler sözlerde diňe bir «daşary ýurt dilleri» barada gönüden-göni yşaratlary eşitmän, eýsem çykarylyş senesiniň hem üstüni açdylar. Plastinkanyň adaty bolmadyk bahasy — £10,07 — täze albomyň 10-njy iýulda çykjakdygyny görkezýär.

the-rolling-stones-new-album-foreign-tongues-orient.jpg

Toparyň öňki albomy Hackney Diamonds, 2023-nji ýylda 18 ýyllyk arakesmeden soň çykarylyp, dessine dünýä çartlarynyň başyna çykdy. Häzirki wagtda Mik Jagger, Kit Riçards we Ronni Wud — olaryň umumy ýaşy 240 ýyldan geçýär — rok sazynyň taryhynda täze sahypany taýýarlaýarlar. Foreign Tongues diňe bir aýdymlaryň ýygyndysy bolman, eýsem The Rolling Stones toparynyň henizem dürli nesilleri dünýäniň ähli dillerinde birleşdirip bilýän baş «hereketlendiriji güýç» bolup galýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

Azerbaýjan, Türkmenistan we Özbegistan “e-TIR” ulgamy arkaly Hazar ugruny synagdan geçirýärler

23:25 Iýul 22, 2026
ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

ABŞ-nyň Aşgabatdaky diplomatik wekilhanasyna wagtlaýyn Kristin Hokins ýolbaşçylyk eder

22:45 Iýul 22, 2026
Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

Eýran Mary şäherine täze Baş konsuly belledi

22:36 Iýul 22, 2026