HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň DIM-niň HGI bilen MDHGI strategik hyzmatdaşlyk ulgamynda dialogy giňeldýärler

Aprel 26, 2026 | 14:22 |11972
21–22-nji aprelde Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň sapary amala aşyryldy. Saparyň esasy maksady Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary instituty bilen özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy21–22-nji aprelde Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň sapary amala aşyryldy. Saparyň esasy maksady Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary instituty bilen özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy
Çeşme: mgimo.ru

21–22-nji aprelde Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň sapary amala aşyryldy. Saparyň esasy maksady Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary instituty bilen özara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy.

Wagtyň synagyndan geçen hyzmatdaşlygyň täze depgini

MDHGI-nyň rektory, RF-nyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi Anatoliý Torkunow bilen geçirilen duşuşykda heniz 2017-nji ýylda gol çekilen Hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşygyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar häzirki döwrüň şertleriniň beýannamalardan ulgamlaýyn amaly gurallara geçmegi talap edýändigi barada birmeňzeş pikire geldiler.

Anatoliý Torkunow türkmen talyplarynyň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny aýratyn belledi. 2025-nji ýylda MDHGI-nyň mekdep okuwçylarynyň halkara olimpiadasynyň türkmenistanly ýeňijileriniň bäşisiniň okuwa kabul edilmegi möhüm görkeziji boldy. Uniwersitet RF-nyň federal býujetiniň hasabyna Türkmenistanyň raýatlaryny okatmak üçin her ýyl kwotalary bölüp bermäge taýýardygyny tassyklady, bu bolsa bilim ulgamyndaky dialogyň aýratyn derejesini nygtaýar.

Energetika diplomatiýasy we bilelikdäki okuw kitaplary

Halkara gatnaşyklary fakultetiniň dekany Andreý Suşensowyň hem gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda ileri tutulýan ugurlar kesgitlendi: akademik ykjamlyk (magistrantlaryň we mugallymlaryň yzygiderli alyş-çalşygy, semestrleýin tejribe okuwlary), bilelikdäki maksatnamalar (diplomatik gulluk we energetika diplomatiýasy ulgamynda okuw modullaryny işläp düzmek), ylmy hyzmatdaşlyk (türkmen dili boýunça bilelikdäki okuw gollanmasyny neşir etmek we ylmy işleri özara çap etmek).

MDHGI-da tegelek stol: köp merkezli dünýä garaýyş

Saparyň ikinji güni akademik çekişmelere bagyşlandy. «Russiýa — Türkmenistan: halkara hyzmatdaşlygyň strategiýalary» atly tegelek stoluň dowamynda Gülşat Ýusupowa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň ösüşi barada hasabat bilen çykyş etdi.

24042026-imo-mid-turkmenistan-mgimo-moscow-visit (2).jpg

MDHGI-nyň türkmen dilini öwrenýän talyplarynyň we türkmen ýaşlar jemgyýetiniň wekilleriniň gatnaşmagy duşuşyga aýratyn öwüşgin berdi. Bu bolsa ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň diňe bir okuw maksatnamalary däl-de, eýsem syýasatçylaryň geljekki nesilleriniň arasynda dialog medeniýetini kemala getirýän «ýaşlar diplomatiýasydygyny» hem tassyklady.


Saparyň maksatnamasy Russiýanyň DIM-de GDA-nyň ýurtlary boýunça Üçünji departamentiniň direktory Aleksandr Sternik bilen duşuşygy hem öz içine aldy. Söhbetdeşler ynsanperwer ulgamynyň we bilimiň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň «ýumşak güýji» we berk binýady bolup galýandygyny, oňa bolsa ýokary derejedäki gatnaşyklara täze gepgin berýändigini tassykladylar.

Sapar iki ýokary okuw mekdebine öz ylmy-barlag we bilim mümkinçiliklerini has netijeli ulanmaga şert döretjek anyk ädimleriň kesgitlenmegi bilen tamamlandy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

20:41 Iýul 15, 2026
Fransiýadaky iri tokaý ýangyny Fontenblo tokaýyny weýran etmegini dowam etdirýär, ýaşaýjylar howpsuz ýerlere göçürilýär

Fransiýadaky iri tokaý ýangyny Fontenblo tokaýyny weýran etmegini dowam etdirýär, ýaşaýjylar howpsuz ýerlere göçürilýär

13:00 Iýul 15, 2026
«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

18:36 Iýul 14, 2026