HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarus fijital-sport boýunça dünýä reýtinginiň ilkinji 4-lügine girdi

Aprel 24, 2026 | 15:27 |5702
Fijital formaty özboluşly düzgünleri göz öňünde tutýar: gatnaşyjylar ilki wirtual giňişlikde bäsleşýärler, soňra bolsa hakyky sport meýdançasyna çykýarlar. Belarus toparlarynyň dünýä reýtinginde nähili üstünlik gazanýandygy bilen tanyşyňFijital formaty özboluşly düzgünleri göz öňünde tutýar: gatnaşyjylar ilki wirtual giňişlikde bäsleşýärler, soňra bolsa hakyky sport meýdançasyna çykýarlar. Belarus toparlarynyň dünýä reýtinginde nähili üstünlik gazanýandygy bilen tanyşyň
Çeşme: soyuz.by

Belarus World Phygital Community dünýä reýtinginiň ilkinji dörtlüginde öz ornuny berkitdi. Halkara ýaryşlarda gazanylan ýokary netijeler respublikanyň wekilleriniň dünýäniň iň güýçli türgenleri bilen deň derejede bäsleşip bilýändigini görkezdi diýip, BELTA habar berýär.

Abu-Dabide geçirilen "Geljegiň oýunlary" atly ýaryşlarynyň soňky tapgyrynda, 65 ýurtdan gatnaşyjylaryň arasynda belarusly türgenler ýokary taýýarlygyny görkezdi. Fijital-sport türgenlerden köpugurlylygy talap edýär: olar hem kompýuter oýunlarynda, hem-de adaty sportda ýokary ussatlyga eýe bolmaly.

Aýratyn tapawutlanan topar — MinskHouse boldy. Bu topar taktiki atyş boýunça bürünç medal gazanyp, häzirki wagtda dünýä reýtinginde ikinji orny eýeleýär. Şeýle hem belarusyň fijutal-basketbol we futbol ýygyndylary ýokary orunlary eýeledi.

Häzirki wagtda federasiýa indiki "Geljegiň oýunlary" ýaryşlaryna işjeň taýýarlanýar. Bu ýaryşlar 2026-njy ýylyň 29-njy iýulyndan 9-njy awgustyna çenli Astanada geçiriler. Garaşylmagyna görä, 4,75 million dollar möçberindäki baýrak gaznasy üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan 900-den gowrak türgen bäsleşer.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026