HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

Oktýabr 27, 2026 | 21:45 |6074
24–26-njy noýabrda Aşgabatda «Türkmentel – 2026» we ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça halkara sergiler hem-de maslahatlar geçiriler. Çärelerde sanlylaşdyrma, 5G, emeli aň we logistika meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar24–26-njy noýabrda Aşgabatda «Türkmentel – 2026» we ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça halkara sergiler hem-de maslahatlar geçiriler. Çärelerde sanlylaşdyrma, 5G, emeli aň we logistika meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar
Çeşme: orient.tm

24–26-njy noýabr aralygynda Aşgabatda iki sany halkara çäre — «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly maslahat we sergi, şeýle hem «Türkmentel – 2026» atly sergisi we ylmy maslahaty geçiriler.

Bu çäreleriň bilelikdäki maksatnamasy halkara gatnawlaryny ösdürmek, ulag ulgamynyň özara arabaglanyşygyny pugtalandyrmak we häzirki zaman sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerini öz içine alar.

«Türkmentel – 2026» sergisinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyndaky çözgütleriň giň toplumy görkeziler. Esasy ugurlaryň hatarynda telekommunikasiýa torlary, hemra aragatnaşygy, emeli aň we 5G tehnologiýalary, maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezleri, sanly platformalar, maliýe tehnologiýalary we maglumat howpsuzlygy bar. Şeýle hem maglumatlary seljermek, işewürlik üçin programma üpjünçiligi, töleg ulgamlary, «akylly öý» tehnologiýalary, web we mobil goşundylar boýunça işläp taýýarlamalar hödürlener.

Ulag maslahaty we sergisiniň işewürlik maksatnamasy halkara ugurlaryny ösdürmäge, ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga we üstaşyr ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga bagyşlanar. Çärä döwlet edaralarynyň, ulag we logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň, şeýle hem pudaklaýyn bilermenleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Çäreleriň bilelikde geçirilmegi ulag infrastrukturasyny ösdürmegiň geljegini pudagyň sanlylaşdyrylmagy bilen aýrylmaz baglanyşykda ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.

Telekommunikasiýa torlary, maglumatlary elektron görnüşinde alyşmak we sanly platformalar ýük akymlaryny dolandyrmakda, gatnawlary utgaşdyrmakda hem-de logistika işlerini kämilleşdirmekde barha möhüm orun eýeleýär.

Şeýlelikde, noýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek çäreler halkara üstaşyr gatnawlary babatdaky möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we innowasion maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça çözgütleri işläp taýýarlamak üçin möhüm meýdança öwrüler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

Aşgabatda halkara ulag forumy we «Türkmentel – 2026» sergisi geçiriler

21:45 Oktýabr 27, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň kitabynyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

15:15 Oktýabr 27, 2026
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026