HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Ählumumy meselelere garamazdan, Hytaý ygtybarly energiýa üpjünçiligi bilen üpjün edýär

Aprel 20, 2026 | 22:00 |5187
Çeşme: orient.tm

Geosyýasy gapma-garşylyklar sebäpli energiýa göterijileriň dünýä bahalarynyň ýokarlanmagyna we ýokary tehnologiýaly pudaklar tarapyndan içerki islegiň artmagyna garamazdan, Hytaý energiýa üpjünçiligi ulgamyndaky ygtybarly çözgütleriň netijesinde şu ýyl elektrik energiýasynyň ýeterlik mukdaryny we durnukly bahalary üpjün etmegi başardy.

Milli statistika býurosy tarapyndan anna güni neşir edilen maglumatlara görä, Hytaýyň umumy gurnalan elektrik energiýasyny öndürmek kuwwaty şu ýylyň birinji çärýegine çenli 4 milliard kilowatta golaýlady. Bu görkeziji dünýäniň umumy göwrüminiň tas 30 göterimine barabar bolup, dünýäde iň uly göwrüm bolmagynda galýar.

Şu ýyl Hytaýyň elektrik üpjünçiligi ulgamynda arassa energiýanyň paýy ep-esli artdy.

Milli statistika býurosynyň beýän maglumatlaryna görä, birinji çärýekde Hytaý boýunça bellenen ölçegden uly bolan senagat kärhanalary arassa energiýa çeşmelerinden, şol sanda gidroenergetikadan, atom energetikasyndan, ýel we gün energiýasyndan 700 milliard kilowatt-sagat elektrik energiýasyny öndürdiler. Bu görkeziji geçen ýylka garanyňda 2,8 göterim köp bolup, olaryň umumy elektrik energiýasyny öndürmek göwrüminiň 33,2 göterimini düzýär.

Bellenen ölçegden uly bolan senagat kärhanalary diýlip, ýyllyk girdejisi 20 million ýuan (2,93 million ABŞ dollary) we ondan köp bolan kärhanalara aýdylýar.

Maglumatlara görä, fewral aýynyň ahyryna çenli Hytaýda gaýdatan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň gurnalan kuwwaty 2,38 milliard kilowatta ýetdi.

«Çaklamalara görä, ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda täze gurnalan elektrik öndüriji kuwwatlyklarynyň takmynan 70 göterimi ýel we fotoelektrik (gün) energiýasy ýaly gaýtadan dikeldilýän energeiýa çeşmeleriň paýyna düşdi. Hytaýda täze gurnalan generatorlaryň üçden ikisinden gowragynyň arassa çeşmelerden elektrik energiýasyny öndürýändigini ynamly aýdyp bileris. Biziň energiýa üpjünçiligimiz has bol we ekologiýa taýdan arassa boldy» — diýip, Hytaýyň elektrik energetikasy geňeşiniň statistika we sanly seljeriş departamentiniň direktory Hou Wentszýe belledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026