HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen şokolady Özbegistanyň bazarynda bäsdeşleri gysyp çykarýar

Aprel 20, 2026 | 21:55 |11668
Türkmenistan 2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynyň netijeleri boýunça Özbegistanyň bazaryna şokolad önümlerini iberýän görnükli üpjün edijileriň hataryna girdiTürkmenistan 2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynyň netijeleri boýunça Özbegistanyň bazaryna şokolad önümlerini iberýän görnükli üpjün edijileriň hataryna girdi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistan 2026-njy ýylyň ilkinji iki aýynyň netijeleri boýunça Özbegistanyň bazaryna şokolad önümlerini iberýän görnükli üpjün edijileriň hataryna girdi.

Özbegistanyň Milli statistika komiteti tarapyndan berlen maglumatlara görä, ýanwar–fewral aýlarynda Özbegistana 34 ýurtdan umumy bahasy 27,7 million ABŞ dollaryna deň bolan takmynan 6,6 müň tonna şokolad import edildi.

Eltip bermeleriň gurluşynda Türkmenistan 209,1 tonna şokolad önümlerini eksport edip, esasy sebit eksport edijileriniň arasynda öz ornuny pugtalandyrdy.

Eltip bermek möçberi boýunça öňdebaryjy ýurt Russiýa bolup, onuň görkezijisi 4 407 tonna deň boldy. Ondan soň Ukraina (607 tonna), Gazagystan (201,8 tonna) we Türkiýe (190,7 tonna) gelýär. Polşa bolsa 124,4 tonna önüm iberdi.

Umuman alanyňda, Özbegistanyň şokolad importynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,1 müň tonna azaldy, bu bolsa bazardaky islegiň üýtgändigini görkezýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistan bilen Azerbaýjan gämi gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan gämi gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

23:20 Sentýabr 10, 2026
«Sanly çözgüt — 2026» bäsleşigine gatnaşýanlara arzalary tabşyrmagyň möhletleri ýatladylýar

«Sanly çözgüt — 2026» bäsleşigine gatnaşýanlara arzalary tabşyrmagyň möhletleri ýatladylýar

23:05 Sentýabr 10, 2026
Türkiýe, Müsür, Indoneziýa, Iordaniýa, Pakistan, Katar, Saud Arabystany we BAE Beýik Britaniýanyň Ysraýylyň oturymly ýerlerinden importy çäklendirmek baradaky kararyny goldaýar

Türkiýe, Müsür, Indoneziýa, Iordaniýa, Pakistan, Katar, Saud Arabystany we BAE Beýik Britaniýanyň Ysraýylyň oturymly ýerlerinden importy çäklendirmek baradaky kararyny goldaýar

19:00 Sentýabr 10, 2026