HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Eýran ýük ulaglaryna Owganystana wizasyz girmegine rugsat berildi

Aprel 18, 2026 | 15:45 |5085
Eýran ýük ulaglary indi Owganystanyň çägine wizasyz we giriş töleglerini tölemezden girip bilerlerEýran ýük ulaglary indi Owganystanyň çägine wizasyz we giriş töleglerini tölemezden girip bilerler
Çeşme: açyk çeşmeler

Eýran ýük ulaglary indi Owganystanyň çägine wizasyz we giriş töleglerini tölemezden girip bilerler. Bu barada Eýran–Owganystan bilelikdäki söwda palatasynyň ýolbaşçysy Mahmud Siýadat habar berdi.

Siýadatynyň düşündirmegine görä, Eýranyň Owganystan we Pakistan bilen gündogar serhetlerinde daşary söwda boýunça adaty tertipler saklanýar. Şeýle-de bolsa, täze düzgün eýranly daşaýjylar üçin logistika işlerini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Eýranyň Söwda palatasynyň maglumatlaryna görä, Tähran bilen Kabulyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk sebitdäki syýasy we harby ýagdaýlara garamazdan taryhy taýdan dowam edip gelýär.

Aýratynlykda Siýadat soňky döwürde Owganystan bilen Pakistanyň arasyndaky harby dartgynlyklaryň fonunda iki ýurduň hem Eýrany möhüm üstaşyr ugry hem-de haryt üpjünçiligi üçin esasy çeşme hökmünde has işjeň görýändigini aýtdy.

Bellik: Täze ylalaşyk diňe ýük ulaglaryna degişli bolup, ýolagçy gatnawlaryna degişli däldir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026