HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen pomidorlarynyň tapgyry ilkinji gezek Çeçen Respublikasyna eksport edildi

Aprel 17, 2026 | 23:10 |6840
14-nji aprelde Türkmenistandan Çeçen Respublikasyna ilkinji gezek pomidorlaryň tapgyry iberildi14-nji aprelde Türkmenistandan Çeçen Respublikasyna ilkinji gezek pomidorlaryň tapgyry iberildi
Çeşme: orient.tm

14-nji aprelde Türkmenistandan Çeçen Respublikasyna ilkinji gezek pomidorlaryň tapgyry iberildi. Bu bolsa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde we milli oba hojalyk önümleriniň eksport geografiyasynyň giňeldilmeginde täze ädim boldy. Import edilen önümler eksport ediji ýurduň ähli zerur fitosanitariýa şahadatnamalary bilen üpjün edildi.

Türkmen pomidorlarynyň täze bazara çykarylmagy ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň durnukly ösýändigini hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýokary hilli oba hojalyk önümlerine bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär.

Türkmen pomidorlary ýokary tagamlylygy, ekologiýa taýdan arassa bolmagy we häzirki zaman ösdürip ýetişdiriş ülňülerine laýyklygy bilen halkara bazarlarynda eýýäm özüni tanatdy. Häzirki wagtda olar birnäçe ýurtlarda durnukly islegden peýdalanýar we daşary bazarlardaky ornuny berkitmegi dowam etdirýär.

Çeçen Respublikasynyň bazaryna çykmak eksport möçberlerini artdyrmak we türkmen oba hojalyk önümlerini daşary ýurtlarda mundan beýläk-de ilerletmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

Manilanyň günortasynda Taala wulkany atyldy

22:00 Oktýabr 09, 2026
Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

Ukraina Russiýa we ABŞ bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi

20:00 Oktýabr 09, 2026
Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

Serdar Berdimuhamedow bilen Wladimir Putin Awazada gepleşikleri geçirdiler

19:22 Oktýabr 09, 2026