HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň wekiliýeti döwlet hyzmatlarynyň hiline degişli BMG-niň mejlisine gatnaşdy

Aprel 17, 2026 | 11:20 |10456
14-nji aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) ýaşlar forumynyň çäginde «Excellence in Public Service Delivery to Achieve the Sustainable Development Goals» atly ugurdaş çäresi geçirildi14-nji aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) ýaşlar forumynyň çäginde «Excellence in Public Service Delivery to Achieve the Sustainable Development Goals» atly ugurdaş çäresi geçirildi
Çeşme: education.gov.tm

14-nji aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda, BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) ýaşlar forumynyň çäginde «Excellence in Public Service Delivery to Achieve the Sustainable Development Goals» atly ugurdaş çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Çäre BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamenti (UN DESA) hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky raýatlara hyzmatlary we durmuş innowasiýalary boýunça döwlet gullugy (ASAN) tarapyndan guraldy.

Sessiýanyň işine Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew maslahatlaşmalara gatnaşdy. Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy döwlet dolandyryş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak işleriniň möhüm ugurdygyny tassyklaýar.

Çäräniň maksatnamasy Azerbaýjanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Tofig Musayewiň, UN DESA ýolbaşçylarynyň hem-de BMG-niň Günorta–Günorta hyzmatdaşlygy boýunça müdirliginiň direktory Dima Al-Hatibiň çykyşlary bilen açyldy.

Maslahatlaşmalarda aýratyn üns ASAN indeksiniň ornaşdyrylmagyna berildi. Bu görkeziji esasynda bilermenler raýatlara hyzmat etmegiň netijeliligini we hilini bahalandyrmagyň usullaryny hödürlediler. Gatnaşyjylar döwlet hyzmatlarynyň netijeliliginiň döwlet institutlaryna bolan ynamy güýçlendirmekdäki hem-de 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegindäki ornuny seljerdiler.

Soňra halkara bilermenleriň gatnaşmagynda geçirilen tegelek stolda dolandyryş ulgamyndaky innowasiýalar we döwlet hyzmatlarynyň hilini kesgitlemek boýunça bitewi ölçegleri işläp düzmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekiliýeti üçin bu çäre milli ülňüleri kämilleşdirmek we adam merkezli sanly çözgütleri ornaşdyrmak üçin öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek mümkinçiligini döretdi.

BMG-niň meýdançasyndaky işjeň dialog Türkmenistanyň durnukly ösüşiň global maksatlaryna ýetmek we halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin innowasion çemeleşmeleri ulanmaga taýýardygyny ýene bir gezek görkezdi.

ORIENT

Tema boýunça:

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýorkda BMG-niň forumynda ýaşlar başlangyçlaryny hödürleýär

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026