Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Daşkent – Astana sanly köprüsi: Özbegistan we Gazagystan bir bitewi IT bazaryny nähili gurýar

Aprel 17, 2026 | 11:13 |5294
Özbegistan bilen Gazagystanyň ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy strategik derejä çykdy. Merkezi Aziýada bitewi sanly giňişligi döretmek häzirki wagtda diňe döwletara ylalaşyklar bilen däl, eýsem hakyky maýa goýumlary, bilelikdäki startap merkezleri we IT hyzmatlarynyň giň gerimli eksporty bilen hem berkidilýärÖzbegistan bilen Gazagystanyň ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy strategik derejä çykdy. Merkezi Aziýada bitewi sanly giňişligi döretmek häzirki wagtda diňe döwletara ylalaşyklar bilen däl, eýsem hakyky maýa goýumlary, bilelikdäki startap merkezleri we IT hyzmatlarynyň giň gerimli eksporty bilen hem berkidilýär
Çeşme: politik.uz

Özbegistan bilen Gazagystanyň ýokary tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy strategik derejä çykdy. Merkezi Aziýada bitewi sanly giňişligi döretmek häzirki wagtda diňe döwletara ylalaşyklar bilen däl, eýsem hakyky maýa goýumlary, bilelikdäki startap merkezleri we IT hyzmatlarynyň giň gerimli eksporty bilen hem berkidilýär.

IT ulgamynda özara ynam işewürligiň işjeň ösmegi bilen tassyklanýar. Häzirki wagtda Özbegistanyň IT Parkynda Gazagystan maýa goýumly 67 kompaniýa işleýär. Diňe 2025-nji ýylda olar 750-den gowrak iş ornuny döretdiler. Iki ýurt arasyndaky hyzmatlar eksportynyň umumy mukdary 17,6 million dollardan geçip, 4 600 hünärmene iş üpjün etdi.

Serhetsiz startaplar

Ýylyň esasy üstünlikleriniň biri — Central Asian Innovation Hubs platformasynyň işe girizilmegi boldy. Onuň netijesinde sebit startaplary global bazarlara çykmak üçin mümkinçilik aldy:

• Global integrasiýa: 40 topar Draper University we AlchemistX ýaly Silikon jülgesiniň akselerasiýa maksatnamalaryny geçdi.

• Maýa goýumlar: Digital Startup Awards taslamasynyň çäginde iň gowy taslamalar 10 000–50 000 dollar möçberinde maliýeleşdirildi.

• Bazar alyş-çalyşy: Kazakhstan Market Entry taslamasy 10 özbek startapynyň Gazagystan bazaryna girmegine mümkinçilik berdi, şol bir wagtda gazak taslamalary Özbegistanda işjeň ösüp başlady.

Geljegiň tehnologiýalary: AI we döwlet hyzmatlary

Hyzmatdaşlyk ylym taýdan ösen ugurlary hem öz içine alýar. Nazarbaýew Uniwersitetiniň ýanyndaky AI instituty bilen bilelikde emeli aň ulgamynda barlaglar alnyp barylýar.

Sanlylaşdyrmagyň möhüm tapgyry hökmünde serhetara maglumat alyş-çalyş boýunça synag taslamasy durmuşa geçirildi. 2026-njy ýylyň martynda BMG-niň we Günorta Koreýanyň goldawy bilen maglumat alyş-çalyş ulgamy üstünlikli synagdan geçirildi. Geljekde bu döwlet hyzmatlarynyň bitewi platformasyny döretmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa iki ýurtda hem işewürlik we syýahatçylara durmyşyny ýeňilleşdirer.

Howpsuzlyk we aragatnaşyk

Iki ýurduň operatorlary («Uzbektelecom», «Kazakhtelecom» we beýlekiler) göni aragatnaşyk kanallaryny ýola goýdular, bu bolsa internet tizliginiň ýokary bolmagyny üpjün edýär. Şeýle hem ykjam enjamlaryň IMEI kodlaryny barlamak boýunça umumy ulgam ornaşdyrylýar, bu bikanun elektronika importynyň öňüni alar.

4G we 5G ulgamlarynyň serhetýaka sebitlerde utgaşdyrylan ornaşdyrylmagy radio päsgelçiliklerini aradan aýyrýar we tutuş sebite durnukly aragatnaşyk üpjün edýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026