HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistandaky Yslam siwilizasiýasy merkezi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Aprel 16, 2026 | 21:30 |5739
Özbegistanyň Yslam siwilizasiýasy merkezi resmi taýdan «Iň uly Yslam siwilizasiýasy muzeýi» ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, «Dunýo» habarlar agentligi habar berýärÖzbegistanyň Yslam siwilizasiýasy merkezi resmi taýdan «Iň uly Yslam siwilizasiýasy muzeýi» ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, «Dunýo» habarlar agentligi habar berýär
Çeşme: gazeta.uz

Özbegistanyň Yslam siwilizasiýasy merkezi resmi taýdan «Iň uly Yslam siwilizasiýasy muzeýi» ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi diýip, «Dunýo» habarlar agentligi habar berýär.

«Hezreti Imam toplumynyň çäginde ýerleşýän bu desga täsin binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar: meýdany — 10 gektar, binanyň uzynlygy — 161 metr, ini — 118 metr, gümmeziň beýikligi — 65 metr, umumy içki meýdany bolsa takmynan 50 müň inedördül metrdir. Hut şu aýratynlyklar dünýä rekordynyň goýulmagyna esas boldy» - diýlip, habarda bellenilýär.

Merkezde «Özbegistanyň topragynda Yslamdan öňki döwür», «Birinji we Ikinji Renessans», «Täze Özbegistan — Üçünji Renessansyň binýady» atly sergi zallary döredildi.

Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda guramanyň wekili Seýda Subasi tarapyndan gowşuryldy. Halkara derejesindäki ykrar edilmeginiň ýene bir subutnamasy hökmünde merkeziň muzeýi türki dünýäsiniň iň gowy muzeýi diýlip ykrar edildi. Diňe geçen ýylyň dowamynda muzeýiň kolleksiýasy 1,5 müňden gowrak täze eksponat bilen baýlaşdy, şol sanda 800 töweregi gadymy golýazmalar, arheologik tapyndylar we taryhy kartalar bar. Şeýle hem daşary ýurt auksion öýleri, iri kolleksionerler we sungat dilerleri bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy we ýurda 743 sany asyl nusgadaky eksponat getirildi.

Merkez gysga wagtyň içinde abraýly halkara guramalar we neşirler tarapyndan ykrar edildi. Hususan-da, ol Fransiýanyň «Awisenna» baýragyna mynasyp boldy, ABŞ-nyň Smitson instituty tarapyndan çykarylýan «Smithsonian Magazine» žurnaly tarapyndan 2026-njy ýylda açylmagyna iň köp garaşylýan dünýäniň 10 muzeýiniň hataryna girizildi. Mundan başga-da, «Conde Nast Traveler» neşiri ony 2026-njy ýylyň iýunynda baryp görüp boljak muzeýleriň sanawyna goşdy, «BBC Travel» bolsa ony dünýäde iň köp garaşylýan muzeýleriň biri hökmünde görkezdi.

Yslam siwilizasiýasy merkeziniň döredilmegi Özbegistanyň Prezidentiniň başlangyjy bolup, onuň maksady Yslam medeniýetiniň baý mirasyny çuňňur öwrenmek we giňden wagyz etmekden ybaratdyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

Azerbaýjanda Milli saz güni we Üzeir Gajybeýliniň 141 ýyllygy bellenilýär

19:17 Sentýabr 18, 2026
Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

Ýewropa Bileleşigi Kanada görlüp-eşidilmedik assosirlenen agza derejesini teklip edýär

22:00 Sentýabr 17, 2026
Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ykdysady gazananlarynyň sergisi açyldy

21:47 Sentýabr 17, 2026