HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda 3-nji orny eýeledi

Aprel 15, 2026 | 01:15 |9612
Erkin göreş boýunça Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde tamamlanan Aziýa çempionatynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg agramda çykyş edip, baýrakly orny eýelediErkin göreş boýunça Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde tamamlanan Aziýa çempionatynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg agramda çykyş edip, baýrakly orny eýeledi
Çeşme: uww.org

Erkin göreş boýunça Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde tamamlanan Aziýa çempionatynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg agramda çykyş edip, baýrakly orny eýeledi.

17 döwletden 120-den gowrak türgeniň gatnaşan Aziýa ýaryşynda geljegine uly umyt bildirýän türgenimiz erkin göreşi boýunça ussatlygyň ýokary derejesini görkezdi. Başarjaň ildeşimiz 1-nji tutluşykda mongoliýaly türgeni 10-0 hasabynda ynamly ýeňdi. Türkmen türgeni täjigistanly garşydaşy bilen bolan 2-nji tutluşykda hem 10-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionaty

Ildeşimiziň 3-nji tutluşygynda üstünlik eýranly türgeniň tarapynda boldy. 4-nji tutluşygynda AlpArslan Begenjow ýaponiýaly türgeni 10-5 hasabynda ýeňdi. Şeýlelikde 86 kg agramda çykyş eden Alparslan Begenjow 3-nji orny eýeläp, bürünç medala mynasyp boldy.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026