HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş inžener 2026» bäsleşigi geçiriler

Aprel 15, 2026 | 16:04 |8202
25-nji aprelde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş inžener 2026» atly inžener-tehniki bäsleşik geçiriler. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan guralýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-sahypasynda habar berilýär25-nji aprelde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş inžener 2026» atly inžener-tehniki bäsleşik geçiriler. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan guralýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-sahypasynda habar berilýär
Çeşme: Orient.tm

25-nji aprelde paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş inžener 2026» atly inžener-tehniki bäsleşik geçiriler. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan guralýar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi web-sahypasynda habar berilýär.

Bäsleşik dört ugur boýunça geçiriler:

-«Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary» – 7-12-nji synp okuwçylary, özleriniň innowasion taslamalaryny (2 adama çenli topar görnüşinde hem) hödürleýärler.

-«Robototehnika» – 7–12-nji synp okuwçylary ýekelikde gatnaşýarlar; robotlar 2,5 minutyň dowamynda şarlary ýygnap, dürli beýiklikdäki gaplara ýerleşdirýärler. Iň gowy 5 gatnaşyjy First Global Challenge 2026 dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanýar.

-«Erjeller kodlaýarlar» – 8-nji synpdan başlap okuwçylar Scratch programmirleme dilinde oýun, animasiýa ýa-da amaly programma görnüşindäki taslamalary hödürleýärler.

-«BattleBots» (Robotlaryň söweşi) – islendik ýaşdaky gatnaşyjylar üçin açyk ugur.

Deslapky hasaba alyş hökmany bolup, 2026-njy ýylyň 15-nji apreline çenli dowam eder:

https://docs.google.com/forms/d/e/1FAIpQLSf-eprXr74OOfXdU_4ebvxTl4kAv87gULFu-Qbo4Fi0csASzg/viewform

Her ugur boýunça ýeňijiler guramaçylar we hemaýatkär tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hormat hatlary bilen sylaglanarlar.

Bäsleşik «Ojаr Aziýa» hususy kärhanasynyň binasynda, G. Kulyýew köçesi, j. 38 salgysynda 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde sagat 10:00-da geçiriler.

Gatnaşmak boýunça goşmaça maglumatlary almak üçin +993 (61) 86 27 66 telefon belgisine jaň edip, ýüz tutup bolýar.

Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny bu bäsleşige tomaşa etmäge çagyrýarys!

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026