HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

HHR-de suwasty barlaglar üçin ilkinji ýerli robot işe girizildi

Aprel 13, 2026 | 21:59 |4741
Çeşme: orient.tm

Hytaýda kabel ulgamlaryny suwuň astynda barlamak üçin niýetlenen, doly öz güýçleri bilen işlenip düzülen ilkinji robot resmi taýdan ulanmaga berildi. Bu enjam çuň suwda ýerleşýän energetika we aragatnaşyk torlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin täze tehnologik çözgüdi hödürleýär.

“Akylly” suwasty robot gidrolokatoryň, elektromagnit anyklamanyň we mehaniki dolandyryşyň mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Ol 300 metr çuňlukda suwasty kabelleri özbaşdak barlamaga ukyplydyr. Pilotsyz ýerüsti gämiler bilen utgaşykly hereket edilende, işiň netijeliligi adaty el güýji bilen geçirilýän barlaglar bilen deňeşdirilende 10 esse ýokarlanýar.

Oalryň işleýiş mümkinçilikleri ýagny robot elektromagnit tolkunlarynyň kömegi bilen deňiz düýbüniň çökündilerinde ýerleşýän kabelleri tapýar we olaryň kemçiliklerini — meselem, könelmegi ýa-da jaýryklary ýüze çykarýar. Barlag işiniň barşy kompýuter tomografiýasyna meňzeşdir: magnit we spektral detektorlaryň kömegi bilen enjam zyýan ýetmeleriň dürli görnüşlerini ýokary takyklyk bilen kesleýär.

Robotyň bäş sany erkinlik derejesine eýe bolan robotlaşdyrylýan eli bar — ol kabelleri islendik ýagdaýda çeýe tutup bilýär. Hereketlendiriji gurluş sekiz sany kämilleşdirilen enjamdan ybaratdyr: olaryň dördüsi dikligine suwa çümmäge we ýokary galmaga, galan dördüsi bolsa keseleýin öňe we yza hereket etmäge jogap berýär.

Enjam suwasty «aňtawçy» hökmünde işleýär we sagatda 5–7 kilometr tizlik bilen hereket edýär — bu adamyň çalt ýöreýşine ýa-da ylgawyna barabardyr. Yşyklandyryş ulgamlary deňiz düýbüni ýagtylandyrýar we suwasty gurşawyň aýdyň görünmegini üpjün edýär.

Bu işläp düzme çuň suwdaky infrastruktura desgalarynyň ygtybarlylygyny we howpsuzlygyny has-da ýokarlandyrmaga, şol bir wagtda olara gözegçilik we hyzmat etmek üçin sarp edilýän wagty we serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

ABŞ, Daniýa we Grenlandiýa BMG-niň Baş Assambleýasynyň çäginde adada amerikan gatnaşygyny giňeltmek baradaky ylalaşyga gol çekdiler

22:30 Sentýabr 23, 2026