HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Russiýanyň alymlary agyr tehnikalar we oba hojalygy üçin ýokary berklige eýe bolan polat döretdiler

Aprel 11, 2026 | 23:30 |4687
Belgorod döwlet milli barlag uniwersitetiniň («BelGU» YBI) hünärmenleri bir wagtda hem ýokary berklige, hem-de çeýelige eýe bolan polady öndürmegiň täze usulyny işläp taýýarladylarBelgorod döwlet milli barlag uniwersitetiniň («BelGU» YBI) hünärmenleri bir wagtda hem ýokary berklige, hem-de çeýelige eýe bolan polady öndürmegiň täze usulyny işläp taýýarladylar
Çeşme: Freepik

Belgorod döwlet milli barlag uniwersitetiniň («BelGU» YBI) hünärmenleri bir wagtda hem ýokary berklige, hem-de çeýelige eýe bolan polady öndürmegiň täze usulyny işläp taýýarladylar. Bu täze tehnologiýa metalyň gurluşyny mikro derejesinde dolandyrmaga mümkinçilik berýär: döwülmäge ýykgyn bölejikler çeýe gatlaklar bilen çalşyrylýar.

Bu innowasion garyndy 1 190 MPa çenli ägirt uly basyşa çydap bilýär we dargamazdan ep-esli uzalyp bilýär. Alymlar metallurgiýanyň esasy meseleleriniň birini çözmegi başardylar — indi ýokary berkli metal döwülmeýär.

Bu işläp taýýarlama ulag we oba hojalygy pudaklary üçin strategiki ähmiýete eýedir. Täze polatdan agyr şertlerde işleýän toprak işläp bejeriji tehnikalaryň asma bölekleri we möhüm düwünleri öndürilmegi meýilleşdirilýär.

Taslamanyň önümçilik hyzmatdaşy hökmünde Birleşen metallurgiýa kompaniýasy («OMK» PJ) çykyş edýär. Ýakyn wagtda topar materialy hakyky tehnikalarda synag etmek üçin tejribe barlaglaryna başlar.

Bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy rus öndürijilerine import garyndylarynyň ornuny tutmaga we içerki enjamlaryň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Bu möhüm pudaklarda howpsuzlygy we gurluşlaryň uzak ömürliligini üpjün etmekde möhüm ädimdir.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026