HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

2027-nji ýylyň ýanwar aýynda Stambulda 14-nji halkara ATRAX güýmenje senagaty sergisi geçiriler

Aprel 11, 2026 | 22:55 |4919
2027-nji ýylyň 28–30-njy ýanwarynda Stambulyň sergiler merkezinde (IFM) 14-nji halkara ATRAX sergisi geçiriler2027-nji ýylyň 28–30-njy ýanwarynda Stambulyň sergiler merkezinde (IFM) 14-nji halkara ATRAX sergisi geçiriler
Çeşme: atraxexpo.com

2027-nji ýylyň 28–30-njy ýanwarynda Stambulyň sergiler merkezinde (IFM) 14-nji halkara ATRAX sergisi geçiriler. Bu çäre sebitdäki iň iri wakalaryň biri bolup, seýilgähler, sport desgalary, oýun meýdançalary we häzirki zaman şäher gurşawy üçin çözgütlere bagyşlanandyr.

ATRAX diňe bir sergi bolman, eýsem öndürijileri, maýadarlary we döwlet edaralaryny birleşdirýän global platformadyr. Ol şäherlerde häzirki zaman özüne çekiji merkezleri döretmeklige gönükdirilendir.

Serginiň gerimi we ugurlary

Sergi ýokary hilli infrastrukturanyň ösüşi üçin zerur bolan köp ugurlary öz içine alýar: attraksion seýilgähleri, oýun meýdançalary we dynç alyş ýerleri üçin enjamlar; sport meýdançalary we köpçülikleýin desgalary üçin çözgütler; howuzlaryň, spa toplumlarynyň taslamalaşdyrylyşy we landşaft dizaýny; şäher dizaýnynda we açyk meýdançalaryň abadanlaşdyrylmagynda innowasiýalar.

Işewürlik üçin strategik mümkinçilikler

Stambulyň amatly geografiki ýerleşişi sebäpli, sergi Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa bazarlarynyň arasynda köpri bolup hyzmat edýär. Gatnaşyjylar halkara alyjylar we ösüş guramalary bilen gönüden-göni aragatnaşyk gurup, şu mümkinçiliklere eýe bolýarlar:

• Täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek;

• Döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ösdürmek;

• Şäher derejesinde çözgütler boýunça şertnamalary baglaşmak.

ATRAX 2027 sergisi öz sebitlerinde durmuş we güýmenje infrastrukturasyna innowasiýalary ornaşdyrmak isleýänler üçin möhüm waka bolar.

Giňişleýin maglumat resmi saýtda elýeterlidir: https://www.atraxexpo.com/

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

Eýranyň prezidenti boýun egmezden gepleşiklere taýýardygyny mälim etdi

21:59 Awgust 09, 2026
Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

Ispaniýa bilen Italiýanyň arasyndaky Şengen düzgüni wagtlaýyn togtadyldy

19:00 Awgust 09, 2026
Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

Kolumbiýanyň täze prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy

15:59 Awgust 09, 2026